«Ýylyň mugallymy — 2022» atly bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi

Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesiniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdepde «Ýylyň mugallymy — 2022» atly bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Oňa şäherdäki umumybilim berýän edaralardan mugallymlaryň 13-si gatnaşdy. Bu barada «Mugallymlar gazetinde» habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşik üç şert boýunça iki gün dowam etdi. Şertler esasynda mugallymlar öz zehin-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Birinji şertde bäsleşige gatnaşyjylar öz ugurlary boýunça nätanyş okuwçylar bilen sapak guradylar. Bäsleşigiň ikinji şertinde mugallymlar synp sagadynda ýaz pasly bilen baglanyşykly berlen temalardan sapak guradylar. Üçünji şertde bolsa bäsleşige gatnaşýan mugallymlar eminler toparynyň dürli temalara degişli beren sowallaryna jogap berdiler.

Mugallymlar sapagyň talabalaýyk guralmagy we okuwçylaryň oňat düşünje almagy, olaryň sapaga höwesli gatnaşmaklary üçin ulanýan görkezme esbaplarynyň hem sergisini guradylar.

Eminler toparynyň gelen netijesine görä, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Jennet Mämmetjumaýewa 1-nji orna mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bäsleşikde 2-nji orna ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň fizika mugallymy Baýram Aşyrow, 3-nji orna bolsa 23-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy Çarygeldi Meredow bilen S.A.Nyýazow adyndaky 20-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Ogultagan Öwezowa mynasyp görüldi.