Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde yglan etmeginde Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň

 

GEÇIŞ TERTIBI

 

 

Geçiriljek ýeri:

 

 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Tehnologiýalar merkezi

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesil baradaky aladalar döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Onuň netijesinde Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Ýurtda ata-babalarymyzyň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgelerine we öňdebaryjy halkara ölçeglerine esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň we önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň iň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar we meýilnamalar düýpli ylmy esaslara daýanýar. Nebit-gaz, oba hojalyk, gurluşyk, energetika, dokma, ykdysadyýet, maliýe, bank toplumlaryna, söwda, ulag, aragatnaşyk, himiýa, balyk hojalygy, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlaryna ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlary ornaşdyrylýar.

Ýurdumyzda ähli ugurlarda zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda Hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde Ylymlar güni mynasybetli  Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigi hem ýurdumyzda okamaga, öwrenmäge, döretmäge höwesli ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga, olaryň ukyp-başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşine gönükdirmäge ruhlandyrmakda, şeýle hem bu bäsleşik «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» beýan edilýän «Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýaş alymlary taýýarlamagy işjeňleşdirmek we kämilleşdirmek» diýen bendini ýerine ýetirmekde we ony durmuşa geçirmekde  hem aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasion we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigi yglan edildi.

 

Şu gün bolsa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ikinji tapgyryna ýokary derejede badalga berlip,  onda ýaş alymlyga dalaşgärler bäsleşigiň şu aşakdaky:

 

  • nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika;
  • biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika;
  • maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary;
  • häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary;
  • innowasion ykdysadyýeti;
  • ynsanperwer ylymlary;

ugurlary boýunça öz işlerini goramaklyga başladylar. Çykyşlarda ýaşlar öz ylmy işleriniň maksadyny, täzeçilligini, derwaýyslygyny we netijeliligini açyp görkezdiler.