Türkmenistanda gutardyş synp mekdep okuwçylary üçin synaglaryň temalary we soragnamalary mälim edildi

Tamamlanyp barýan 2021-2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylary üçin boljak synaglaryň temalary we soragnamalar mälim edildi. Bu barada «Mugallymlar gazetiniň» 11-nji apreldäki sanynda habar berilýär.

Şu ýyl umumybilim berýän orta mekdepleri tamamlaýan mekdep okuwçylary Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Milli bilim instituty tarapyndan tassyklanan türkmen dilinden we edebiýatdan hödürlenýän temalar boýunça düzme ýazarlar, şeýle-de Türkmenistanyň taryhy, fizika, jemgyýeti öwreniş, biologiýa derslerinden ýörite taýýarlanan soragnamalara jogap bermek arkaly synaglar tabşyrarlar.

Belläp geçsek, orta mekdebi tamamlaýan mekdep okuwçylaryna düzme ýazmak üçin 70 tema, beýleki dersleriň her birinden bolsa 30 soragnama hödürlenýär.

Meňzeş habarlar

06 Noýabr 2025 | 75 okalan

BILIM — ÖSÜŞE ÝOL

04 Noýabr 2025 | 157 okalan

BILIM — ÝAGTY GELJEGIŇ EGSILMEZ ÇEŞMESI