«Bilim – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň berk binýady»

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň bilelikde guramagynda «Bilim – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň berk binýady» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Oňa döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri, magistrlik okuwynyň talyplary, Ýaşlar guramasynyň işgärleri gatnaşdylar.

         Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda ähli ulgamlaryň gözbaşy bolan bilim ulgamyny ösdürmek, bu ulgamyň maddy-tehniki enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, berilýän bilimiň hilini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, kanunçylyk binýadyny has hem pugtalandyrmak babatynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Maslahata gatnaşyjylar bular barada öz çykyşlarynda  buýsanç bilen bellediler hem-de täze taryhy döwürde bilim almaga, ylmyň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Meňzeş habarlar