Türkmenistanda talyp ýigitleriň arasynda yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen Bilim ministrliginiň bilelikde ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda yglan eden döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan talyplar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda oňa gatnaşýanlaryň taýýarlan işleriniň sergisi guraldy. Ýörite düzülen eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryň işlerine mynasyp baha berip, olardan 30 sany işi ýeňiji diýip yglan etdiler (her ugurdan alty iş).

Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby Erkin Hudaýberdiýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Nagmat Daňlyýew, şeýle-de şol ýokary okuw mekdebinden Baýrammyrat Gurbanmyradow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Röwşen Nurmyradow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Hanmyrat Taýyrow dagy birinji orny eýelemegi başardylar.

Bäsleşikde ýeňiji bolan talyp ýaşlara Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.