Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti iň gowy makalalaryň bäsleşigini yglan edýär

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy, şeýle-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti iň gowy makalalaryň bäsleşigini yglan etdi.

«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, bäsleşigiň maksady talyplaryň kanuny bilimlerini ýüze çykarmak, şeýle-de Türkmenistanda geçirilen syýasy, ykdysady we medeni özgertmeler babatynda hünär başarnyklaryny artdyrmakdan ybaratdyr.

Makala ýazmak boýunça bäsleşik şu aşakdaky ugurlar boýunça geçirilýär:

  • «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet Baýdagy — jebisligiň we berkararlygyň dabaralanmagy»;
  • «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilişi»;
  • «Ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk türkmen döwletiniň baş ýörelgesidir».

Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän makalalar şu ýylyň 25-nji apreline çenli tdu.edu.hukuk@gmail.com elektron poçtasyna iberilmelidir.

Bäsleşige iberilen makalalar pikiriň anyk beýan edilişi, logiki yzygiderliligi, temanyň wajyplygy, ylmy çemeleşme ýaly talaplar boýunça bahalandyrylar.

Bäsleşigiň netijeleri 12-nji maýda yglan ediler.

Meňzeş habarlar

06 Noýabr 2025 | 71 okalan

BILIM — ÖSÜŞE ÝOL

04 Noýabr 2025 | 152 okalan

BILIM — ÝAGTY GELJEGIŇ EGSILMEZ ÇEŞMESI