Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde rus dili we edebiýaty hepdeligi geçirilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.
Bu ýerde ýokary okuw mekdebiniň mugallymlar topary tarapyndan rus diline we edebiýatyna, Russiýanyň sungatyna we ylmyna bagyşlanan sergi hem açyldy.
Hepdeligiň çäginde «Rus dili — parahatçylygyň we dostlugyň dili», breýn-ring, rus şahyrlarynyň goşgularyny çeper okamak, şeýle-de diwar gazetini taýýarlamak boýunça bäsleşikler geçiriler.
«Rus dili we edebiýaty hepdeligiň geçirilmeginiň maksady ýokary okuw mekdebimizde bilim alýan talyp ýaşlara rus dilini öwretmek, rus medeniýeti, edebiýaty we ylmy bilen tanyşdyrmak» diýip, uniwersitetiň mugallymy Ogulniýaz Annataganowa gürrüň berýär.