Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Türkmenistanyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda dünýä nusgalyk milli mekdebiniň döremegine giň ýol açylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, täze döwürden ruhlanyp döretmäge uly mümkinçilikler döredildi. Şu mümkinçiliklerden ruhlanyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary özleriniň yhlasyny öz talyplaryna siňdirip, olaryň hünärine bolan höwesini artdyrýarlar.
2011-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyplaryň we uçurymlaryň eserlerinden ybarat bolan “Bedew” sergisi geçirilip gelýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hem çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda 2022-njy ýylyň aprel aýynyň 15-ine “Türkmeniň uçar ganaty” atly döredijilik bäsleşik serginiň nobatdaky açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda halypa suratkeşleriň hem-de talyp ýaşlarymyzyň döredijilik işleriniň bäsleşik sergisi gurnaldy. Bu sergide görkezilen nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, grafika, zergärçilik, haly, gobelen, keramika eserlerinde bedew atlarymyzyň ajaýyplygy, gözelligi, ýyndamlygy wasp edilýär. Sergide esasan türkmen bedewiniň gözelligini we asuda durmuşymyzy wasp edýän ajaýyp eserler ähmiýetli orun eýeledi. Aýratyn-da, nakgaşçylyk we grafika kafedralarynyň talyplaryň eserleri tomaşaçylaryň aýratyn gyzyklanma döretdi.
Her bir halkyň ýüzi, onuň dünýä medeniýetine goşan goşandy, maddy we ruhy gymmatlyklary bilen kesgitlenýär. Türkmen halky hem asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döredip bilen halkdyr. Şol maddy gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň uçar ganaty, toýly günde göwün hoşy, ýowly günde baş ýoldaşy, gözelligiň göwher gaşy bolan behişdi bedewlerimizdir. Gözellikde, ýyndamlykda, çydamlylykda, wepadarlykda öçmejek yz goýan aýlawlarymyzyň, toý-dabaralarymyzyň bezegi, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan bedewlerimiz bu günki gün uly şan-şöhrata eýedir.
Bedewlerimiziň keşbi şekillendiriş sungatynyň, ýagny heýkeltaraşlyk, nakgaşlyk we beýleki ugurlarynda diýen ýaly şekillendirilýär. Täsin owadan ajaýyp keşbini suratlandyrmak her bir döredijilikli adamyň ylhamyny joşdurýar. Milli öwüşginlere baý sungat eserleri bilen, ýagny ýyndam türkmen bedewleriniň keşbini öz eserleriniň naýbaşysy edip saýlan, biziň talyp deň-duşlarymyz Parahat Ilbaýewiň “Behişdi bedewler”, Şemşat Berdiýewanyň “Arzuw”, Allanur Kurbanberdiýewiň “Miras”, Şaguly Altybaýewiň “Gyrat”, Leýli Çaryýewanyň “Türkmen toýy”, binagärlik we dizaýn fakultetiniň talyplary Aziza Öwezmyradowanyň “Bedew batly Watanym”, Mahym Arazowanyň “Ganatly bedew”, grafika kafedrasynyň talyby Mahym Atakowanyň “Mukamy batly bedewler” atly nakgaşlyk eserlerinde türkmen sährasynda behişdi bedewlerimiziň gözel keşbi suratlandyrylýar.
Nakgaşlyk kafedrasynyň talyby Leýli Çaryýewanyň “Türkmen toýy” eserinde türkmen bedewlerimiziň keşbini örän owadan, ajaýyp reňklere baý görnüşinde ýerine ýetirilipdir. Taslamanyň birinji meýilnamasynda suratlandyran ahalteke bedewleri we atyň üstünde oturan baýramçylyk lybasly jigit Ak öýüň binasynyň ýanynda geçirilýän at çapyşygynyň gidişine ruhubelentlik bilen seredýär. Leýli Çaryýewanyň ajaýyp eserlerini synlanyňda bedewleriň üýtgeşik keşbine ýürek joşgunyny siňdirendigi görünýär. Esasan hem açyk meýdanda erkin bedewleri şekillendirýär. Eseriň yzky meýilnamasynda türkmeniň ak öý binasyny, ýaşyl ýaýla bezeg berip duran ak öýlerimizi, hiňňildikleri suratlandyryp, Milli bahar baýramynyň joşgunly şöhlelendirilişi suratlandyrylýar.
Öwliýaguly Berkeliýewiň nakgaşlyk işinde erkana bedewiň düzlük daglyk meýdanda erkin bat bilen toýnak gurap ylgap gelişleri şekillendirýär we eserde alabaýyň ata bolan söýgüsi görkezilýär. Bu eserinde esasan hem açyk reňkleri erkin bedewlerimiziň ajaýyp syratyny, owadanlygyny, ýyndamlygyny, uz ýöreýişlerini görkezýär. Yzky meýilnamasynda türkmen halkynyň Milli bahar baýramyny ýaşyl ýaýlada uly şatlyk, şowhun bilen belleýän pursadyny, dag peýzažyny we açylyp duran bahar güllerini görkezýär. Asuda mawy asmanyň astynda Köpetdagyň eteginde her ýylda Milli bahar baýramyny bellemek ýurdumyzda däp bolup gelýär. Eserinde açyk ýaşyl, gyzyl, gök reňkleri has-da köp ulanypdyr. Eserini baharyň ajaýyp tämiz howasynda, asuda zeminde ýerleşdirmegi bolsa türkmen bedewlerimize has hem görk berýär.
Allanur Kurbanberdiýew “Miras” diýen eserinde türkmen bedewiniň tekepbirlik bilen uz basyp erkin ýöräp barşy şekillendirilýär. Çöllük meýdanynda, asuda arassa asmanyň astynda ýerleşdirilen bu eserde türkmen bedewine at şaý-şepler, esbaplar has hem görk berip, gözelligine görk goşýar.
Grafika kafedrasynyň talyby Mahym Atakowanyň “Mukamy batly bedew” işinde eseriniň birinji meýilnamasynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň şowhunly çykyşlaryny şekillendiripdir. Ýaş suratkeş sirk oýunlaryna uly höwes bilen synlaýan türkmen milli baýramçylyk lybasly adamlaryň we daşary ýurtly myhmanlaryň ýüz keşbinde hoşallyk duýgularynyň şöhlelendirmesini häzirki zaman akymlaryň çeper serişdeleri esasynda döredipdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň türkmen bedewleriniň gözelligini, ýyndamlygyny, seýkin basyp gelişlerini şekile geçirýän sungat ussatlaryna uly baha berip, olara giň mümkinçilikler döredýär. Bu bolsa geljekde hem ýaş suratkeşlere täze-täze eserlerini döretmäge ylham berýär we aýgytly ýol açýar.
Şirin Öwezowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby