Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň, aýratyn hem talyplaryň ukyplaryny ýüze çykarmak, olaryň sungata bolan höwesini artdyrmak maksady bilen birnäçe döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplarynda hem-de 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda talyplar we okuwçylar bilen geçiren umumy watançylyk sapagynda beýan eden türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasyny hem-de maddy gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary wagyz etmek we geljekki nesillerimize ýetirmek maksady bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp oglanlarynyň arasynda «Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu bäsleşigiň institut tapgyry geçirildi.
Bäsleşige gatnaşýan talyp oglanlar «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda alnyp barylýan beýik işleri, ýetilen sepgitleri, halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy, milli senetçilik däplerimizi, ata-babalarymyzdan nesilden-nesle geçip, dowam edip gelýän milli senetçiligimiziň görnüşlerini, milli baýramçylyklarymyzy, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi, bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbini wasp edip, olarda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyzy şöhlelendirýän işleri hödürlediler. Bäsleşik zergärçilik we demir ussaçylygy, neçjarçylyk we kulalçylyk ýaly önümleri ýasamak, şekillendiriş sungaty, milli binagärlik hem-de bezeg maketleri, häzirki zaman binagärlik hem-de dizaýn maketleri ýasamak ugurlary boýunça geçirildi.
Emin agzalaryň gelen netijesine görä 1-nji orna Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby Batyr Esenow, 2-nji orna Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby Batyrmuhammet Orazow, 3-nji orna Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby Şamyrat Begenjow mynasyp bolup, bäsleşigiň jemleýji döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşikde ýeňiji bolan we oňa işjeň gatnaşan talyplara institutyň adyndan hormat hatlary we Ilkinji Ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.