Halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasy «Dialog –– parahatçylygyň kepili» atly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary we Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedralary tarapyndan institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 31-nji martynda «Dialog –– parahatçylygyň kepili» atly maslahat geçirildi. Maslahat 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty –– halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatynyň çäklerinde teklip edilen «Dialog –– parahatçylygyň kepili» diýen ählumumy başlangyjy dogrusynda guraldy. Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, uly mugallym, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowa, şeýle hem Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Mährijemal Mämmedowa we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şirin Mirmedowa çykyş etdiler. Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň: Galkynyşy döwründe gepleşikleriň parahatçylygy ýaýmakda tutýan orny, onuň ähmiýeti we ýurdumyzda parahatçylyk syýasatynyň alnyp barlyşy we ony ösdürmekde alnyp barylýan işler barada gürrüň etdiler.  Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy,  Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döreden ajaýyp şygyr setirleri okaldy. Olardan, «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgyny Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Arslan Syýahatow, hem-de «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgyny şol fakultetiň bakalawr ugry boýunça 1-nji ýyl talyby Batyr Esenow dagylar ýerine ýetirdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda parahatçylygyň we halkara dost-doganlyk gatnaşyklaryň pugtalanmagy we ýaýbaňlanmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Kyýat ILAMANOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň

II ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY