Häzirki zaman şertlerinde ulag ulgamy milli, sebitleýin we halkara derejesindäki dünýä ykdysadyýetiniň binýatlyk ugurlarynyň hem-de durnukly ösüşiň esasy şertlerinden biri bolup durýar. Ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerine garalanda, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde ulag-aragatnaşyk meseleleri boýunça köpugurly anyk gepleşikleriň başyny başlan Bitarap Türkmenistan ulag diplomatiýasyny döredijileriň biri bolup durýar. Şol sanda, ýurdumyzyň giňden ösdürilýän ulag diplomatiýasynyň maksady giň köptaraplaýyn raýdaşlygyny transyklym (Aziýa-Ýewropa) ulag-üstaşyr geçirijisini döretmek üçin syýasy-hukuk taýdan işläp taýýarlamak bolup durýar we munuň özi durnukly ösüşiň uzak möhletli maksatlara ýetmegine ýardam berýär.
2018-nji ýylyň 20-nji dekabrynda türkmen diplomatiýasynyň has möhüm ugurlary boýunça TDIM-iň HGI-de ýörite okuw merkeziniň döredilmegi ulag diplomatiýasy boýunça meseläniň has-da toplumlaýyn, düýpli işlenip taýýarlanylmagyna ýardam etjekdigi düşnüklidir. Şu jähtden Ulag diplomatiýasy söwda-ykdysady diplomatiýanyň we daşary syýasatyň aýrylmaz bölegi hasaplanylýar. Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça hereket edýän okuw merkeziniň gündelik alyp barýan işiniň netijesinde häzirki wagtda ýaşlara suw, ulag we energetika diplomatiýasy ýaly syýasy we ykdysady dünýäniň esasgoýujy ugurlary barada yzygiderli okuw sapaklary geçirilýär. Diňe bir institutyň çäginde däl eýsem, beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän okuw sapaklary Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag diplomatiýasy, globallaşmak şertlerinde ulgamyň ösüşi, ulag-logistika ulgamynda döwletimiziň milli bähbitleriniň aýratynlyklary, halkara ulag geçelgeleriniň ösüşi, ony durmuşa geçirmegiň gurallary ýaly dürli meseleleriň ylmy taýdan seljerilmegi ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bilimli hünärmen bolup ýetişmekleri üçin örän möhüm ähmiýete eýedir. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, 2022-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynda TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça hereket edýän okuw merkeziniň "Ulag diplomatiýasy" ugry boýunça geçirilen fakultatiw okuw sapagyny we onuň talyp ýaşlarda döreden dürli hili gyzyklanmalaryny görkezmek bolar. TDIM-niň HGI-nyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, uly mugallym, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowanyň alyp barmagynda Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmekde ulag diplomatiýasynyň ähmiýeti barada ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gurnalan okuw sapagy ýokary derejeliligi bilen has-da aýratyn mana eýe boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden taryhy çykyşynda: "Häzirki döwürde ulag-logistika ulgamy sebitleri we dünýäniň kontinentlerini birleşdirýän güýje öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolup durýar. Şoňa görä-de, bu geografik ýagdaýdan we beýleki mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanarys" diýip belläp geçdi. Bu bolsa ýurdumyzda häzirki sebit we ählumumy ösüş babatda durnukly ulag ulgamynyň ornunyň mundan beýläk hem ösýän pudaklaryň hatarynda durjakdygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hatyja Döwletnazarowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
hukugy fakultetiniň III ýyl talyby,
"Paýhas we parasat" ylmy gurnagynyň agzasy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.