NESIL GELÝÄR, NESIL

«Dowamat dowam bolsun. Nesiller bagtyýar durmuşda ýaşasyn!»

 

 Berdimuhamet ANNAÝEW

 

NESIL GELÝÄR, NESIL

 

Il halar ynsan, öz topragynyň beýik watançysy, edermen esger, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň dowamatymyz bolan nesillerimiz hakdaky aladaly arzuwlary, döwletimiziň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi. Häzirki wagtda Berkarar döwletimiziň eşretli ertirleriniň eýeleri hasaplanylýan nesillerimiz we olaryň röwşen geljegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler mekdebe çenli çagalar edaralarynyň keşbinde hem aýdyň görünýär. Täze çagalar-bakja baglary, döwrebap çagalar otaglary, ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda döwlet bilim maksatnamalary esasynda terbiýelenýän çagalar toparlary, bagtyýar körpeler we sanlylaşdyrylan sapaklar bu edaralaryň durkuny düzýär. Irki ýaşdan körpeleriň çagalar bakja-baglaryna kabul edilmegi, okuw-terbiýeçilik, guramaçylyk-usulyýet taýdan baý mazmunly çäreleriň geçirilmegi, olaryň irki ösüşiniň akyl-beden taýdan terbiýelenişiniň döwrebaplaşdyrylmagy, mekdebe taýýarlygyň ýokary hil derejeli bolmagy kemally perzentleriň bilim binýadyny tutýar. Diýarymyzyň çäklerinde barha artýan täze çaglar  baglarynda maddy üpjünçiligiň gowulandyrylmagy, azyk önümleriniň üpjün edilmegi, okuw esbaplarynyň we diwarlyklaryň täzelenmegi, kompýuterleşdirilen enjamlaryň we sungat serişdeleriniň döredilmegi, topar otaglarynyň mynasyp bezelmegi halylaryň düşelip, yşyklar bilen ýagtylandyrylmagy, bilim ojagynyň howlusynda oýun meýdançalarynyň we bassyrmalaryň, suw howuzlarynyň we çagalyk dünýäsine mahsus bezegleriň bolmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrýar.

          Bu ýerlerde çagalar bilen milli oýunlar oýnalýar, terbiýeçilik ähmiýetli çäreler geçirilýär, duşuşyklar, gezelençler, göwnaçmalar, bäsleşikler we beýleki aýdym sazly tomaşalar çagalyk dünýäsiniň ruhuna, döwrüň talabyna, milli däplere, kämil usulyýete, sanly ulgama laýyklykda guralýar. Sapaklaryň barşynda bolsa çagalaryň akyl ýetiriş, okaýyş, sözleýiş we ýazuw endikleri kemala getirilýär.

         Şeýlelikde ýokary bilimli ýolbaşçylaryň, usulçylaryň, şepagat uýalaryň, terbiýeçileriň, enekeleriň, aşpezleriň we beýleki hojalyk-tehniki işgärleriň, şol sanda ata -eneleriň birleşen tagallalary netijesinde sagdyn bedenli, ukyp-başarnykly, bilim almaga höwesli çagalar ýetişdirilýär, olaryň zehinleri açylýar, ak mekdebe taýýarlanylýar.

         Şeýlelik bilen bagtyýar durmuşda ýaşaýan nesiller ylym-bilimiň beýik ösüşlerine barýan ýola düşüp, täze menziller bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, geljege ynamly garamagy gazanýarlar.

 

 

Ogulgerek DURDYMYRADOWA,

Murgap etrabyndaky 4-nji çagalar

bakja-bagynyň terbiýeçisi.

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY