Halkara Nowruz güni

Ýaz ýagşynyň buşlamagy bilen tebigatyň janlanmagy, türkmen topragynyň al-ýaşyl dona bürenmegi, agaçlaryň pyntyk ýarmagy asyrlar boýy dowam edip gelýän gadymy Nowruz baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini görkezýär.

2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly hem-de köpugurly belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, taryhy-medeni däplerini beýan edýär.

Eziz Diýarymyzda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda ak kürteli gözel paýtagtymyzda hem köp öwüşginli dabaralara beslenip gelýär. Baharyň donuny egnine atan Nowruz ýaýlasynyň çäginde ýerleşýän milliligimiziň aýdyň nyşany bolan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda her ýyl gadymy baýramçylygyň däpleri täze öwüşgin bilen bellenilýär. Täzelenişe we döredijilige höweslendirýän baýramçylyk günlerinde ene-mamalarymyzyň, gözel türkmen gelin-gyzlarynyň zähmetinden dörän,  bu baýramyň özboluşly tagamy bolan – semeni hem-de dürli türkmen milli naharlary taýýarlanylýar. Semeni taýýarlanylýan gök bugdaý otunyň dünýädäki iň beýik nyşany ilkinji gezek 2019-njy ýylda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde guruldy.

Nowruz gadymdan gelýän baýramçylyklaryň biri bolup, onuň döränine 4000 ýyl, käbir maglumatlara görä, 5000 ýyldan köpräk wagt geçipdir. Nowruz söziniň köki “now” sözinden gelip çykyp,  täze gün diýen manyny berýär.

Mart aýynyň 21-den 22-ne geçilende, gije-gündiziň deňleşýän pursaty bolan Nowruz  baýramy ilki bilen Yrakda bellenilip başlanandygy käbir çeşmelerde bellenilip geçilýär, şol gün Dežle (Tigr) we Ýewfrat derýalaryna suw gelýän ekeni. Suwuň gelmegi bilen ýere jan girip, tebigat al-ýaşyl dona bürenipdir.

Asyrlar we müňýyllyklar geçýär, ýöne taryhyň dürli basgançaklaryndan geçen bu baýramçylyk biziň günlerimizde hem türkmen halkynyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Ol öçmejek merjen bolmagynda galmak bilen, bize gözellik we hoşniýetlilik duýgularyny peşgeş bermegini dowam edýär.

Hatyja DÖWLETNAZAROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary,

institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY