Halkymyzyň “Bag eken baky ýalkanar” diýen parasatly pähiminiň many taýdan uly ähmiýete eýedigini ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini, zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, agzybirligiň nyşany bolan bag ekmek boýunça ählihalk çäresiniň ýurdumyzyň ähli künjeginde döwlet derejesinde geçirilmeginiň asylly däbe öwrülmeginde görmek bolýar. Şahyryň: “Dünýeden hiç kimse ötmesin bikär, Bolmanda bir agaç eksin ýadygär. Kim-de kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýäň kitabynda onuň ady bar” diýşi ýaly hakykatdan hem, halkymyzda sogap iş hasaplanylýan bag ekmek ýörelgesi adamzat durmuşynyň ahlak keşbiniň dowamatlylygydyr. Ata-babalarymyzyň durmuş kadasyna öwrülen halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak ýörelgesi diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daş-töweregimizi sagdynlaşdyrmak, tebigy serişdeleri rejeli we oýlanşykly peýdalanmak, jemgyýetimiziň ekologiýalaşmagy, ýaş nesli tebigata bolan söýgi, hormat ruhunda terbiýelemek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak babatynda alnyp barylýan toplumlaýyn işlerde öz beýanyny tapýar.
Ýurdumyzyň halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa mynasyp bolýan ekologiýa başlangyçlary milli ekologiýa diplomatiýasynyň many-mazmunyny,ileri tutulýan ugurlaryny, olaryň durmuşa geçirilmeginiň maksada laýyklygyny kesgitleýär. Ähliumumy ekologiýa ösüşini nazarlaýan bu başlangyçlar BMG-nyň Baş Assambleýasynyň mejlisi,BMG-niň durnukly ösüş boýunça Rio+20 maslahaty,Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçilikli azaltmak atly III Bütindünýa maslahaty ýaly dünýä jemgyýetçiliginiň üstüni wajyp meselelerde jemleýän ähliumumy pikir alyşmagyň netijeli gurluşlarynda ylmy taýdan esaslandyrylandyr.
Häzirki wagtda ýaýraýşy, ösüşi we miwe berişi tebigy şertlere bagly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ählihalk ýowarynda oturdyljak bag nahallarynyň ýurdumyzyň her sebitiniň toprak howa şertlerine mahsus görnüşleriniň seçilip alynmagy, zolaklaryň ýerleriniň taýýarlanylmagy, nahallar oturdylanda agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi we topragyň ylmy esasda öwrenilmegi bilen baglanyşykly taýýarlyk işleriniň uludan tutulmagy bir tarapdan ylmy çemeleşilmä esaslanýan biologik köpdürliligiň baýlaşmagyna itergi berýän bolsa, nahallaryň damjalaýyn suwaryş usuly bilen suwarylmagy döwletimiziň ýer-suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen dünýä ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagynda oňyn çemeleşmäniň alnyp barylýandygynyň subutnamasy bolup çykyş edýär.
Hünärmenleriň nygtamagyna görä, iň döwrebap himiki barlaghanalar hem, tebigatdaky ýaly kämil we düzümi boýunça dürli birleşmeleri sintezirlemäge ukyply däldir. Çünki, tebigat özüniň “ýaşyl laboratoriýalarynda” emeli döredilmegi mümkin bolmadyk maddalary öndürýär. Halkymyzda ynsan saglygy üçin halk lukmançylygynda bahasyna ýetip bolmajak baýlyk hasaplanylýan üzärligiň, sazagyň, çomuçyň, çopantelpegiň mysallarynda alanyňda ýurdumyzyň biodürliliginiň adamyň kesellere garşy durmak ukybyny pugtalandyrmaga, dürli kesellerden saplanmaga ýardam berýändigini aýratyn bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda gök zolaklaryň çäkleriniň giňeldilmegi ilkinji nobatda bolsa, halkymyzyň saglygynyň berkemegi babatynda aýratyn ähmiýete eýedir. Ylmy barlaglaryň esaslandyrmalaryna görä, ýylyň dowamynda bir gektar tokaý ösümlikleri her günde 180-220 kilograma çenli kislorody bölüp çykarmaga, şol bir wagtda 220-280 kilograma çenli kömürturşy gazyny özüne siňdirmäge ukyplydyr. Olaryň toprakdaky ygaly bugarmakdan saklamak, howadaky adam saglygy üçin zyýanly bolan kömürturşy gazy özlerine siňdirip, arassa kislorody bölüp çykarmak ýaly häsiýetleri adamlaryň saglygyna oňyn täsir etmekde ähmiýeti ulydyr.
Güneşli ülkämiz öz tebigatyna mahsus bolan ösümlik we haýwanat dünýäsine baýdyr. Ene ýeriň umumadamzat kowmunyň bir bitewi öýi bolup durýandygy, howa akymynyň bolsa, serhet çäginiň bolmaýandygy nukdaýnazaryndan, ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi babatyndaky işler howanyň üýtgemeginiň we çölleşme hadysasynyň öňüni almakda, biologik dürliligiň baýlaşmagynda dünýä derejesinde alnyp barylýan işlere hem mynasyp goşantdyr. Çünki, häzirki wagtda dünýäniň ykdysady ösüşi, durmuş abadançylygy we daşky gurşawyň goralmagy birek-birekden üzňe bolmadyk bitewiligi emele getirýär. Bu bolsa, adamyň we tebigatyň özara gatnaşygynda ýüze çykýan meseleleriň ykdysady we durmuşy ösüşiň, parahatçylygyň we howpsuzlygyň meseleleri bilen birlikde ählumumy çemeleşmäniň esasynda çözülmeginiň mümkindigini ýüze çykarýar. Bularyň ählisi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramagyň, ekologiýa abadançylygynyň üpjün etmegiň häzirki döwrüň hem-de durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp şerti bolup çykyş edýändigi nukdaýnazaryndan dünýä bileleşiginiň öňünde ileri tutýan halkara başlangyçlarynyň wajyplygyny esaslandyrýar.
Türkmenistanda ekologiýa taýdan howpsuz ösüşi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlemek bilen, ekologiýa we tebigaty goramak wezipelerini häzirki döwrüň iň möhüm meseleleriniň hatarynda goýýar. Daşky gurşawy goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmak bilen, häzirki durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp şerti hökmünde öňdebaryjy dünýä tejribesine esaslanýan “ýaşyl ösüşiň” strategiýasynyň milli derejede ykrar edilmegi aýdylanlary aýdyň tassyklaýar. Ýurdumyzda raýatlaryň mynasyp durmuşyna gönükdirilen ykdysady özgertmeleriň tebigy gurşaw bilen sazlaşykda alnyp barylmagy döwletimiziň durnukly ösüşiniň esasy görkezijisi hökmünde öňe çykýar.
Ýurdumyzda dünýä tejribesiniň göz öňünde tutulmagy arkaly durmuş-ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagynda ekologiýa howpsuzlyk kadalaryň berk berjaý edilýändigi, täze önümçilik kärhanalaryň gurluşygy, hereket edýän beýleki desgalaryň durkuny döwrebaplaşdyrmak işleri daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almak, kämil tilsimatlary, ylmy-tehniki işläp düzmeleri, innowasion “nou-haulary” we tehniki çözgütleri ulanmak arkaly alnyp barylýandygy bellenilmäge mynasyp.
Umuman, ýurdumyzda alyp barylýan giň möçberli ekologiýa syýasaty netijesinde howanyň arassalygyny gorap saklamagyň we şäherleri, obalary gurşap alýan gök zolaklaryň döredilmegine gönükdirilen ählihalk bag ekişligiň geçirilmeginiň däbe öwrülmegi halkymyzyň sagdyn daşky gurşawynyň üpjün edilmegine, tebigy baýlyklarymyzyň ertirki nesillerimiz üçin goragynyň berjaý edilmegine giň mümkinçilikleri döretmek bilen birlikde, Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň dabaralanmagynda hem ähmiýetlidir.
Atamyrat BEKÇIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
Institutynyň talyby.