Watan mukaddesligi berjaý edilýän işleriň netijeleri, ýurdumyzyň ösüşleri, ýaşlaryň ykbaly bilen sazlaşyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikden üstünlige giň ýol açýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatly ýaşlary ertirki gün ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä bolan sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy hormatly Prezidentimiziň aýdyň maksatly beýik işleriniň beýanynda öz synmaz ornuny tapdy. Milli Liderimiziň alyp barýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hemişe parahatçylygy ündäp gelýän agzybirlige, bagtyýarlyga çagyrýan hemde dünýä ýüzünde ynsanperwerligi wagyz edýän merdana halkymyzyň häzirki bagtyýar ýaş nesilleri watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy, belent ahlaklylygy özlerine görelde edinmeklige gönükdirilendir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem öz beýanyny tapýar. Ýagny, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasyna laýyklykda, döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär. Munuň özi ýurtda ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadynyň berkdigini kepillendirýär. Şoňa göräde, ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty kanunçylyk taýdan berkidilip, häzirki wagtda ýaşlar syýasatyny ösdürmek boýunça döwletimiz tarapyndan netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy ýaşlary goldamak barada toplumlaýyn işleri durmuşa geçirmekde esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak barada işleriň ählisi maksatnamadan eriş-argaç bolup geçýär. Hut şu nukdaýnazardan Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşlarynda ýaşlar baradaky meselelere aýratyn ünsi çekmegi ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyň alamatlandyrdy. Nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Adamlaryň özara paýhasly aragatnaşykda bolmagy we jemgyýete peýdaly işe işjeň gatnaşmaklary, ýaşlarda asylly sypatlary döretmek hem-de ösdürmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadalary we ýörelgeleri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzda halkymyzyň taryhy-medeni geçmişine doly düşünýän, döwletiň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, buýsanýan, jemgyýete, maşgala, dost-ýara wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň Garaşsyzlygy, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwletiň baş maksady bolup durýar. Biz bu hakykata Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlar biziň geljege bolan ähli umyt-arzuwlarymyzyň amala aşmagydyr. Ata Watanymyzyň buýsanjydyr hem-de üstünlikleridir. Türkmenistanlylaryň täze nesli täze ösüş ugrunyň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidir. Olar öz nesliniň jogapkärli we gujur-gaýratly, örän sowatly hem-de sagdyn wekilleri bolarlar. Biziň ýaşlarymyz öz atababalarynyň däplerini dowam edip, häzirki bazar ykdysady şertlerinde işlemäge taýýar bolarlar. Bütin dünýäde uly abraýy bolan parahat we gülläp ösýän ýurdunyň hakyky watançylaryna öwrülerler» diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde eden taryhy çykyşynda ýene bir ýola magat göz ýetirdik. Umuman, hormatly Prezidentimiziň ýaş zehinleri ýüze çykarmak, dünýä bilen aýakdaş gitmek, hakyky watançylary kemala getirmek ýaly belent maksatlary we ýörelgeleri öz içine alýan, çuň many-mazmuna ýugrulan çykyşynyň özi ýaşlary geljekki ösüşlere ganatlandyrdy. Biziň öňümizde täze maksatlary we wezipeleri kesgitledi. Ýaşlar özleri hakda edilýän şeýle alada mynasyp jogap bermek bilen, öz güýçlerini, bilimlerini, zehinlerini we ukyplaryny eziz Watanymyzyň bähbidine gönükdirmäge çalşyp, hakyky watançylygyň, zähmetsöýerligiň we ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine wepalylygyň aýdyň nusgasyny görkezýärler. Garaşsyz döwletimiziň mundan beýläk hem durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, täze belent sepgitlere ýetmeginiň bähbidine ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaýyn işlere ýaşlar netijeli zähmetleri bilen yzygiderli we işjeň gatnaşyp, öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu gün Garaşsyzlygy alyp galkynan, Bitaraplygy alyp beýgelen hem-de hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlarynyň töweregine mäkäm jebisleşen halkymyz we bagtyýar ýaşlar uly bagta eýe boldy. Ol bagt eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, merdana halkymyza guwanyp, buýsanyp, söýüp ýaşamakdyr. Bu bagt ýaşlar üçin dünýäde iň uly baýlykdyr, mukaddes ýörelgedir. Ýaşlaryň döwrebap ösüşi, jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagy babatda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
bölüm müdiri.