Ählihalk saýlawlary – demokratiýanyň milli nusgasy

Häzirki döwürde ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň üstünlikli geçirilmegi we uly rowaçlyklara beslenmegi ugrunda edilýän tagallalar ählumumy häsiýete eýe bolýar.  

Ine-de, Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz nobatdaky möhüm syýasy wakanyň bosagasynda dur. Şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegiň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin nygtady. Hormatly Prezidentimiziň bu asylly başlangyjy bütin Halk Maslahatyna gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan makullandy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki günlerde 12-nji martda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleriniň depgini barha ýokarlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň: “Demokratik saýlawlar türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak, hakyky halk häkimýetliliginiň ýörelgelerini dikeltmek ýolunda möhüm ädimdir” diýen parasatly pähiminden ugur alyp, türkmen halkynyň ykbalynda täze taryhy tapgyry alamatlandyrýan Garaşsyzlyk eýýamynyň ýylýazgysyna beýik waka hökmünde girjek bu şanly senede her bir türkmen rayaty özüniň konstitusion hukugyndan peýdalanyp, Watanymyzyň geljegi üçin belent jogapkärçiligine düşünmek arkaly, ýokary döwlet wezipesine has mynasyp dalaşgäre ses berer. Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar özüniň milli demokratik köklerini ata-babalarymyzyň kämil tejribeleri esasynda kemala gelen gadymy ýörelgelerden alyp gaýdýar hem-de häzirki zaman talaplaryna laýyklykda dowam etdirilýär. Türkmenleriň taryhy durmuşyndaky geňeşlerde halkyň her bir agzasy deň görlüpdir. Şol geňeşlerde çopanyňam, kethudanyňam ses bermek hukugy bolupdyr. Açyklyk we adalatlylyk wezipä saýlamaklygyň esasy ugry saýylypdyr we bu esaslar doly derejede ýerine ýetirilipdir.

 Halkymyzyň taryhy mirasyna, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan, şol bir wagtda-da döwlet gurluşynyň ykrar edilen öňdebaryjy dünýä tejribelerinden ugur alýan häzirki zaman saýlaw hukugy hem demokratik esaslarda kämilleşdirilýär. Saýlawlary geçirmegiň halkara derejesinde ykrar edilen demokratik kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we  Türkmenistanyň Saýlaw Kodeksi ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň kanuny binýady bolup durýar. Milli demokratik ýörelgelerimizden ugur alnyp, saýlawlaryň saýlaw hukugynyň halkara derejesinde ykrar edilen kadalara laýyklykda we bäsdeşlik esasynda geçirilmegi doly üpjün edilýär. Daşary ýurtlardan we halkara guramalaryndan ýörite synçylaryň bellenilmegi, prezidentlige dalaşgärleriň we synçylaryň syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri hem-de saýlawçylar bilen duşuşmaga, dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşygyna gatnaşmaga, saýlaw toparlarynyň ses bermegiň jemleri baradaky teswirnamalary we olara goşulan resminamalar bilen tanyşmaga hukugynyň kanunda berkidilmegi saýlawlaryň erkinlik we adyllyk ýörelgelerinden ugur alýandygyny tassyklaýar. Türkmenistanyň saýlaw ulgamy ynsanperwer, demokratik ýörelgelere, milli aň-düşünjelilige hem-de adamlaryň biri-birine hormat goýmagy, ynanyşmagy arkaly hukuklaryny we borçlaryny iş ýüzünde amal etmegine esaslanýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde raýatlaryň syýasy hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, hukuk döwletini kämilleşdirmäge, demokratik prosesleri çuňlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.

 Taryhy sahypalardan gözbaş alsak ýurdumyzy dünýäniň kuwwatly ösýän döwletleriniň hataryna çykaran Gahryman Arkadagymyza ses berip, türkmen halky biragyzdan jebis bolup jogapkärçilikli we dogry çözgüt kabul edipdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza ýolbaşçylyk eden 15 ýylyna ser salsak özüniň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesine berk eýerip alyp baran dünýä nusgalyk ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, durmuşa geçiren il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň netijesinde ýurdumyz tanalmaz derejede özgerip, ösüşiň täze belentliklerini başdan geçirýär. Döredijilikli we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda Watanymyzda amala aşyrylýan işlere dahylly bolmak, watansöýüjilik ruhuňy ýokarlandyrmak, nobatdaky ädim bolan bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek her bir türkmenistanlynyň mukaddes borjy bolup durýar.

 

        Aýbölek KAKABAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.

Meňzeş habarlar