Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň amala aşyrýan özgertmelerinde innowasion ykdysadyýete, ylmy ösdürmegiň strategiýasyna, ylmy-tehniki işiň netijelerini önümçilige ornaşdyrmaga, şol sanda innowasiýa ulgamynyň düzümini we gurluşyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ata Watanymyzyň ykdysady ösüşini, halkymyzyň hal-ýagdaýyny we bagtyýar geljegini kesgitleýän milli ylym ulgamy batly depginler bilen ösýär hem-de dünýäniň ylym giňişligine çalt depginler bilen goşulýar. Hormatly Prezidentimiziň innowasion syýasatynyň baş maksady ýurdumyzda ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly bäsleşige ukyply ykdysadyýeti döretmekden ybarat bolup durýar. Dünýä ykdysadyýetiň ösüşiniň häzirki tapgyrynda tehnologiýalaryň transferi ýurduň ykdysadyýetiniň galkynyşynyň we çalt depginde ösmeginiň möhüm özeni bolup durýar.
Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň berk innowasion infrastrukturasynyň döredilmegi Hormatly Prezidentimiziň Kararlary bilen “Türkmenistanda ylmy-barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017-2021-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna” laýyklykda alnyp baryldy. Döwlet maksatnamanyň çäginde ylmy üstünlikleri we innowasiýa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga ýardam etmek üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda transfer merkezi 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döredildi. Hereket edýän Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň esasy maksady ylmy işläp taýýarlamalary täjirçilik esasynda hödürlemekden ybarat.
Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň esasy wezipesi tehnologiýalaryň transferiniň ulgamyny döretmek we olary ýurt içi we daşary ýurtlaryň innowasiýa ulgamyny, tehnologiýalaryň transfer ulgamlary bilen integrirlemek, şeýle hem innowasiýa ulgamlary döretmek boýunça halkara maksatnamalaryna we taslamalaryna gatnaşmakdan ybaratdyr.
Tehnologiýalar transferini amala aşyrmakda Tehnologiýalaryň transfer merkezi tehnologik teklipleri, islegleri haryt görnüşine çenli işlemäge, intellektual eýeçiligine baha bermäge we goramaga, taslamalara ekspertiza geçirmäge, işewürlik-meýilnamalary taýýarlamaga, innowasiýalary işläp taýýarlamak çygryndan tejribeli ulanmak çygryna geçirmäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny, şol
sanda Import edilýän tehnologiýalaryň we olaryň düzüm bölekleriniň ornuny tutup biljek ýurt içindäki tehnologiýalary döretmäge ýardam edýär, olary taýýarlaýar we teklipleri hödürleýär, Kärhanalaryň tehnologik audity amala aşyrýar. Tehnologiýalar transferi çygrynda araçyllyk işi bilen meşgullanýar (tehnologik brokerçilik) amala aşyrmaga gönükdirilen hyzmatlary täjirçilik esasynda amala aşyrýar.
Transfer merkeziniň esasy maksady Tehnologiýalar merkezinde ýerine ýetirilen ylmy-barlag, taslama, gözleg tejribe-konstruktorçylyk we tejribe-tehnologik işleriň netijelerini täjirleşdirmek we önümçiliklere ornaşdyrmak, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrylmagynyň zerurlygyna tehniki we tehnologiki seljermeleri geçirmek.
TTM-iň esasy maksady şu aşakdaky wezipelerden ybarat:
- “ylmy işleriň” netijelerini täjirleşdirmegiň mümkinçiliklerine baha bermek;
- täjirleşdirmek üçin ýokary potensialy bolan “ylmy işleriň” netijelerini ýüze çykarmak;
- “ylmy işleriň” netijelerini täjirleşdirmek üçin strategiýany işläp düzmek;
- “ylmy işleriň” netijelerine bolan hukuklary goramagy we intellektual eýeçilikleri ýüze çykarmagy ýola goýmak;
- ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleriniň netijelerine müşderileri çekmek;
- aýratyn hukuklardan kesmek bilen, intellektual eýeçilikden peýdalanmak hukugyny geçirmek;
- intellektual eýeçilikleri ýüze çykarmak we täjirleşdirmek üçin maliýe çeşmelerini çekmek;
- Tehnologiýalar merkeziniň gatnaşmagynda startaplary döretmek, maýa goýumlary çekmek;
- işewürlik inkubatorlarynyň üsti bilen ýurdumyzda ylym bilen önümçiligi birleşdirmek.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny eýerip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini, ylmyny ösdürmek, täze, dünýa bazarynda bäsdeşlige ukyply tehnologiýalary işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň alymlarynyň oýlap tapyşlaryny täjirleşdirmek, olary maliýeleşdirmek maksady bilen innowasiýa subýektleriniň dürli görnüşlerini döredip, olaryň işini üstünlikli alyp barmak üçin Türkmenistanda Wençur guramasy, şeýle hem Täjirçilik inkubatoryny döretmek meýilleşdirilýär.
I.Babaýew
Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň,
Esasy ykdysadyýetçisi