«Arkadagly zamananyň bagtyýar nesilleri»

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Türkmenistan ýaş nesillere aýratyn üns berilýän ýurtdur. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir. Bu nesil eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has artdyrmak, intellektual ösüşi üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek, esasan, häzirki nesilleriň hemmetaraplaýyn taýýarlygyna baglydyr. Milli jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň daýanjy bolan ýaşlar baradaky alada meniň esasy maksatlarymyň biri bolar» diýen ganatly sözlerinden ugur alyp, şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de wagyz etmek maksady bilen, «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli «Arkadagly zamananyň bagtyýar nesilleri» atly ýaş žurnalistleriň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

 

BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNNAMASY

Bäsleşigiň maksady

Bäsleşigiň esasy maksady zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, olary döredijilik gözleglerine ruhlandyrmakdan ybaratdyr.

 Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde (makalalarda, oçerklerde, söhbetdeşliklerde) hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda durmuşa geçirilýän beýik işler, şanly seneler mynasybetli ulanylmaga berilýän desgalar, hemişelik Bitaraplygymyzyň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndaky orny, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti, olaryň many-mazmuny, gazanylýan üstünlikler anyk mysallar arkaly publisistik äheňde açylyp görkezilmelidir. Zähmet adamlary, jemgyýetiň öňdebaryjylary hakyndaky oçerkleriň, aýratyn ugurlar boýunça taýýarlanylýan söhbetdeşlikleriň, makalalaryň täsirli, maglumatlara baý, diliniň çeper we şireli bolmagy hökmanydyr.

Bäsleşige gatnaşmagyň şerti

Ýaşlar bäsleşige hödürleýän eserlerini «Garaşsyzlyk bilen galkynan ýaşlar» diýen ýazgy esasynda «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň Erkin döredijilik mekany) ýa-da onuň elektron salgysyna (turkmenistan-gazeti@online.tm) ýollap bilerler. Awtorlar redaksiýa ugradýan eserlerine özleri baradaky maglumatlary (okaýan, işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi, elektron abuna ýazylandygyny tassyklaýan belgisi) hem goşmalydyrlar. Bäsleşige 35 ýaşa çenli ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige hödürlenilýän işler şu ýylyň 10-njy sentýabryna çenli kabul ediler. Olara döredijilik işgärlerinden düzülen eminler topary baha berer. 

Bäsleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda jemlener. Ýeňijilere Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň diplomlary we  sowgatlary, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-67.

Bäsleşigiň ýeňijileri şu baýrakly orunlar esasynda kesgitleniler:

 

Baş baýrak — 1 awtor,

1-nji orun  2 awtor,

2-nji orun — 2 awtor,

3-nji orun — 3 awtor,

Höweslendiriji 7 awtor.

Meňzeş habarlar