ÝAŞLAR HAKDAKY ALADA ÜNS MERKEZINDE

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly ilkinji günlerinden, ýagny turuwbaşdan  üstünliklere, täze ýeňişlere beslenýär. Bu şanly ýyldaky taryhy ähmiýetli syýasy wakalaryň biri-de 11-nji fewralda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçirilmegidir. Gahryman Arkadagymyz: «Biz Garaşsyz döwletimiziň ykbaly, nesillerimiziň geljegi üçin uly jogapkärçilik çekýäris. Şoňa görä-de, häzir biziň öňümizde şeýle uly wezipeler durýar: biz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris we düzmelidiris» diýip aýratyn nygtaýar. Bu bilen Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň mynasyp durmuşda ýaşap, okap bilim dünýäsinde kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin dynuwsyz alada edýär. Ýurdumyzda ýaşlara döwlet işleriniň jogapkärli wezipelerinde hem uly ynam bildirilýär. Munuň özi, ýaşlaryň ylym bilim güýjüni hakykata geçirmegiň wagtynyň gelendiginiň subutnamasydyr. Munuň şeýledigini 12-nji martda demokratik ýörelgelere esaslanyp geçirilen saýlawlarda halkymyzyň döwlet Baştutanlygyna Serdar Berdimuhamedowy saýlamagy-da doly tassyklaýar. Häzirki wagtda hem Arkadagly Serdarymyz tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirilýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir işiň, kabul edilýän maksatnamalaryňdyr resminamalaryň «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp şygaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagyna gönükdirilýändigini tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly öňe süren başlangyçlary esasynda, ýagny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Ýurdumyzy 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň» we Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň tassyklanylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da ýokary derejelere ýetmeginde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň yzygiderli ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýete eýedir. Maksatnamada geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmegiň wezipeleri göz öňünde tutulýar.

Şol wezipeleri durmuşa geçirmekde bolsa ýaş nesillere uly ynam bildirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem özüniň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boljakdygyny aýratyn nygtady. Şuňa laýyklykda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda döwlet tarapyndan ýaşlara goldaw bermegiň anyk ugurlarynyň ýola goýulmagy, esasan hem ýaş maşgalalar üçin elýeterli nyrhlardan ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça geçirilmeli işleriň kämilleşdirilmegi, çetki ýerlere işe iberilýän ýaş hünärmenleriň maşgalalaryny we beýleki ýaş maşgalalary ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň işlenip düzülmegi ýaly wezipeleri amala aşyrylýar. Mundan başga-da ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmagy, olara dünýäniň ösen talaplaryna laýyklykda ýokary bilim berilmegi babatda-da nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Talyp ýaşlaryň arasynda dürli döredijilik, taslama we ylmy bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan her ýyl 12-nji iýun - Ylymlar gününe bagyşlanylyp geçirilýän ýaş alymlaryň bäsleşigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu bäsleşik ýaşlaryň täze açyşlaryny, döredijilik üstünliklerini ýüze çykarmakda özboluşly gözden geçiriliş bolup hyzmat edýär.

Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde uly tagallalary edýän, biz ýaşlara ylym bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

 

Şamyrat BEGENJOW,

Türkmenistanyň  Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň

I ýyl talyby, “Paýhas we parasat” ylmy gurnagyň agzasy.

Meňzeş habarlar