Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi «Açyk gapylar» günlerine çagyrýar

Aşgabat şäherindäki Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde we 7-nji maýynda sagat 14:00-da 2022-2023-nji okuw ýylynda mugallymçylyk mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary «Açyk gapylar» günlerine çagyrýar. Bu barada «Mugallymlar gazetinde» habar berilýär.

  • Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 124-nji jaýy.
  • Telefon belgileri: 90-62-04; 90-63-96.

«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlar mugallymçylyk mekdebinde taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, okuw-usuly, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, talyplaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin döredilen şertler barada giňişleýin tanşyp bilerler.

Meňzeş habarlar

06 Noýabr 2025 | 63 okalan

BILIM — ÖSÜŞE ÝOL

04 Noýabr 2025 | 143 okalan

BILIM — ÝAGTY GELJEGIŇ EGSILMEZ ÇEŞMESI