Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistan diýarymyzda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeler, sebit we dünýä ähmiýetli öňe sürülýän beýik başlangyçlar, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan milli gymmatlyklar hakyndaky habarlar dünýäniň maglumatlar ulgamynda özüniň mynasyp ornuny tapýar. Bedew bady bilen okgunly öňe barýan berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagy, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagy, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmegi, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin hemmetaraplaýyn goldaw berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylyma-bilime höweslendirmek, halallyk, agzybirlik, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenidir” diýen parasatly sözlerinden, hormatly Prezidentimiziň talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi talyp oglanlaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirilip, oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen deslapky tapgyryndan saýlanan talyp oglanlar gatnaşdylar.
Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, onuň birinji şertine laýyklykda talyp ýigitler özleriniň saýlan hünäriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş bilen wasp etdiler. Olaryň saýlan hünärine bolan söýgisi, gelejekde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürjek nesilleriň kemala gelendigini ýene bir ýola görkezdi.
Ikinji şertinde oňa gatnaşyjy gerçekler “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly bilen baglanyşykly özleriniň sungata we döredijilige bolan ukybyny görkezip, türkmen ýigidine mahsus bolan ruhubelentlik, edermenlik, mertlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezmek üçin janly sesi bilen aýdym-sazyň, goşgynyň ýa-da sahnanyň üsti bilen ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň üçünji şertine laýyklykda talyp ýigitler şorta sözleri ýerine ýetirdiler. Munuň özi dabara gatnaşyjylara uly ruhubelentlik paýlady.
Turuwbaşdan ýokary guramaçylykly geçirilen bäsleşikde bir-birinden zehinli, medeniýetden, sungatdan, döredijilikden oňat baş çykarýan, kalplary Watana, halka buýsanç duýgularyndan püre-pür ýaşlaryň çykyşlaryndan ýeňijileri saýlamak emin agzalaryna-da ýeňil düşmedi. Netijede bäsleşigiň 3-nji ornuna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Ýagşymyrat Annadurdyýew, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Sanjar Joýtyýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby Gurbannyýaz Akmyradow, 2-nji ornuna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Gurbanmyrat Bäşimow, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 5-nji ýyl talyby Süleýman Kowusow, baýrakly 1-nji orna Döwletmmämet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 4 -nji ýyl talyby Döwran Orazmuhammedow we bäsleşigiň baş baýragyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Hojadurdy Hojadurdyýew mynasyp boldylar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa işjeň gatnaşanlara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Diplomlar, Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda ýaşlaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, okamagy, öwrenmegi, döretmegi, halal zähmet çekmegi, bagtyýar ýaşamagy babatda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.