Aşgabatda «Ýaş diplomatlar mekdebiniň» agzalary üçin okuw sapagy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Ýaş diplomatlar mekdebiniň» agzalarynyň gatnaşmagynda «Deli soltanlygynyň, Kutubşa, Sefewi we Owşar türkmenleriniň döwletleriniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky «Ýaş diplomatlaryň mekdebi» tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 8-nji oýnunyň baş mowzugydyr.

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň beren maglumatyna görä, okuw sapagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgärleri, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary çykyş etdiler. Halypa taryhçylar öz çykyşlarynda türkmenleriň Hindistanda we Orta Gündogarda guran döwletleriniň ýola goýan döwletara gatnaşyklary we olaryň alyp baran diplomatik gatnaşyklary hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Okuw sapagynyň dowamynda mekdep okuwçylary halypa taryhçylara özleriniň gyzyklanýan soraglaryny berip, gerekli maglumatlaryny aldylar.

Bu okuw sapagyna «Ýaş diplomatlar mekdebiniň» Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan bolan agzalary sanly ulgamyň kömegi bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

 

Meňzeş habarlar