Mälim bolşy ýaly, her bir döwletiň döwrebap şäheriniň keşbi ylmyň soňky gazananlaryna, şähergurluşyk tejribesiniň öňdebaryjy nusgalaryna, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň kämil innowasion çemeleşmelerine daýanýar. Umumykrar edilen tejribä laýyklykda, paýtagt – şäher ýurduň dolandyryş edaralarynyň ulgamyny özünde jemleýän merkez hökmünde wajyp wezipeleri ýerine ýetirýär. Çünki, paýtagt – döwletiň dolandyryş-syýasy merkezidir. Döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň merkezi edaralary ýerleşýän paýtagtda halk ähmiýetli çözgütler kabul edilýär, halkara hyzmatdaşlygynyň ýaýbaňlanmagyna aýdyň ýollar açylýar. Daşary ýurt döwletleriň ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýerleşýän merkezi bolan ýurduň paýtagtyna giň halkara hyzmatdaşlygy mahsusdyr. Şeýle hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasyny şu ýylyň 12-13-nji maýynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň Dialogynyň ýokary derejelerde geçirilmeginiň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtyň ulag elýeterliliginiň, aragatnaşyk-infrastruktura hyzmatlarynyň döwrebaplygynyň, myhman kabul etmek medeniýetiniň ýokary derejede bolmagy bilen birlikde, häzirki döwrüň öňe sürýän “smart city” ýagny “akylly şäher” tejribesiniň oňyn gazananlarynyň ornaşdyrylmagy hem ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda ak şäherimiz Aşgabady okgunly ösdürmek we abadanlaşdyrmak, durnukly ösýän şähere öwürmek, paýtagtymyzyň ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär.
Eziz Diýarymyzda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününiň bellenilmeginiň özboluşly manysy bar. Aşgabat – gülläp ösüşiň we geljegiň, halkymyzyň bagtyýar hem abadan durmuşynyň şäheri. Halkara hyzmatdaşlygy nukdaýnazardan bolsa, myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylygy döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanydyr. Sebitde iri işewür we medeni merkez hökmünde ornuny pugtalandyrýan ýurdumyzyň ak mermerli paýtagtynyň halkara hyzmatdaşlygyň mekany hökmünde ykrar edilmegi döwrebap we sazlaşykly ösýän şäheriň derejesine eýe bolýandygy bilen baglanyşykly bolup durýar. Munuň şeýledigi gözel paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girmeginde hem aýdyň şöhlelenýär.
“Türkmenistanyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi, “smart-city - akylly şäher” tejribesiniň yzygiderli ornaşdyrylmagy babatynda durmuşa geçirilýän işler Aşgabadyň binagärlik taýdan ösüşi bilen birlikde, onuň parahatsöýüjiligiň we durnukly ösüşiň halkara merkezi hökmünde ykrar edilmegine, halkymyzyň yhlasly we döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilmegine giň ýol açýar. Aşgabat şäheriniň ýurdumyzyň paýtagtynyň wezipelerini amala aşyrmagynyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady şertleri şeýle hem onuň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy we medeni merkez hökmünde çykyş edýändigi kanun esasynda berkidilýär. Paýtagtymyzyň infrastrukturalary hökmünde inženerçilik, ulag we durmuş infrastrukturalarynyň, abadanlaşdyryş we bagçylyk ulgamynyň şeýle hem, paýtagtyň işlemegi üçin zerur bolan beýleki obýektleriň we ulgamlaryň kanunçylyk esasda kesgitlenilmegi bolsa, milli maksatnamalarymyzda ileri tutulýan wezipeleriň netijeli durmuşa geçirilmegine oňyn şertler döredýär.
Häzirki zaman şertlerinde ylmyň okgunly ösüşi şäheriň bir bitewiligi hem-de şäher ösüşiniň daşky gurşawa, şäher ekologiýa ýagdaýynyň bolsa, adama ýetirýän täsiri nukdaýnazaryndan “şäher ekologiýasy”, “eko şäher”, “durnukly şäher” düşünjeleriniň hem ähmiýetini artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, döwletimizde şäher ekologiýasynyň sazlaşygyny nazarlaýan oňyn tejribäniň özleşdirilmegi wajyp ähmiýete eýe bolýar. Şeýle tejribe ilkinji nobatda, şäher gurluşynda ekologiýa taýdan has amatly usullaryň, tehniki we tehnologiki tejribäniň ulanylmagyny, netijeli taslamalaşdyrmagy, köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň, awtoulagsyz günleriň, ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi ýaly toplumlaýyn tagallalary öz içine alýar. Bu işler şäher gurluşygy, arassaçylygy; ekologiýa täsirler we geografik ýerleşişi ýaly dürli ugurlaryň, jemgyýet bilen tebigatyň özara baglanyşygy bolan aýry-aýry jähtleriň ylmy seljermelerine esaslanýar. Çünki, jemgyýet we tebigat sazlaşygyny şertlendirýän şäher ösüşiniň özüne mahsus kanunalaýyklyklary, ylmy esaslandyrmalary bar. Adamyň daşky gurşawyny emele getirýän şäherlerdir - etrap merkezleri durnukly ösüşiň durmuş strategiýasyny amala aşyrmagyň esasy meýdançasy bolup çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 28-nji aprelinde Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda bu sebitiň döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen gyzyklanyp, olaryň gurluşygynda ýokary hilli serişdeleriň ulanylmalydygy, şol serişdeler ygtybarlylygy, uzak möhletleýinligi, ekologik taýdan talaplara dogry gelýändigi, owadanlygy, ýurdumyzyň howa şertlerine laýyklygy bilen tapawutlanmalydygy barada aýratyn nygtady.
Häzirki wagtda täze şäherler taslamalaşdyrylanda “ýaşyl gurluşyk” düşünjesi esasynda işlenilip taýýarlanan ýörite talaplaryň kanuny berkidilmegi arkaly durnuklylyk ýörelgesinden ugur almak zerurlygy ýüze çykýar. Bularyň ählisi ekoşäherleriň ähmiýetini artdyrýar. Ekoşäherler - munuň özi energiýanyň, suwuň we beýleki tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna, ýylylygyň we howa gurşawyna zyňyndy gazlaryň artykmaç göýberilmegini azaltmaga çalyşýan ýaşaýjylary bolan, daşky gurşawa täsiriň göz öňünde tutulmagy arkaly taslamalaşdyrylýan şäherlerdir. Şeýle şäherler taslamalaşdyrylanda hususan-da, gurluşygyň, senagatyň we önümçiligiň ekologiýalaşmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzda şäher ýerleriniň çäklerinde atmosfera howasynyň we agyz suw üpjünçiliginiň hili; önümçiligiň “ýaşyl ykdysadyýet” ugrunyň ykrar edilmegi, önümçilik galyndylarynyň gaýtadan işlenilmegi; “ýaşyl zolaklaryň” möçberiniň giňeldilmegi boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler şäher ekologiýasynyň üpjün edilmeginiň toplumlaýyn häsiýetini alamatlandyrýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, Aşgabadyň, welaýat we etrap merkezleriniň, obalaryň töwereklerinde tokaý zolaklaryny döretmek ugrunda her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ylmy esasda alnyp barylýan köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň ähmiýeti aýratyn ulydyr. Bagy-bossanlyklaryň diňe bir howany arassalaman, eýsem belli bir derejede adamy tehniki önümçilik enjamlarynyň, ulaglaryň sesleriniň täsirinden hem goramaga ukyplydygy nukdaýnazaryndan seredeniňde döwletimizde däbe öwrülen köpçülikleýin bag ekmek çäresini “şäher ekologiýasy” konsepsiýasynyň toplumlaýyn ýerine ýetirilmeginiň döwrebap usullarynyň biri hökmünde görkezmek bolýar.
Döwletimiziň ileri tutýan durnukly şäher keşbini kemala getirmek ugrundaky işleriň dünýä bileleşiginiň tagallalary bilen hem utgaşykly sazlaşýandygy bellenilmäge mynasyp. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde ykrar edilen we ýurdumyz tarapyndan goldanylan durnukly ösüş maksatlarynyň on birinji maksadynda: şäherleriň we ilatly ýerleriň howpsuzlygynyň, durnuklylylgynyň üpjün edilmegini nazarlaýan her bir adam üçin amatly we howpsuz ýaşaýyş jaýyny we ulag üpjünçiligini; şäher merkezleriniň durnuklylygyny; howa ýagdaýynyň we galyndylaryň göz öňünde tutulmagy arkaly şäherleriň adama ýetirýän ekologik täsiriniň peseldilmegini; durnukly desgalaryň gurluşygynyň goldanylmagyny ileri tutýan wezipeleriniň wajyplygyny esaslandyrýar.
Umuman, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Aşgabatda gurlup ulanylmaga berilýän desgalaryň sanynyň yzygiderli artmagy halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň durnukly ýokarlanýandygy bilen bir hatarda, ygtybarlylygyň, howpsuzlygyň we bezeg aýratynlygy bilen tapawutlanýan ýokary amatlykly innowasion şäheriň nusgalyk keşbini şol bir wagtda, tebigat bilen sazlaşygyň döwrebap nusgasyny şöhlelendirýär.
ATAMYRAT BEKÇIÝEW
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.