“Kitap biziň geljegimiz”

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen dünýäde abraý mertebesi belende galýan ata watanymyzyň ösüp gelýän ýaş nesilleriniň kitaba, ylym-bilime bolan höwesini söýgisini artdyrmak şeýle hem olaryň watanymyzyň gülläp ösmeginde bilimiň, kitaplaryň aýratyn ähmiýetiniň barlygyny olaryň ruhunda aňynda terbiýelemek maksady bilen,  TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi, Balkan welaýat bilim müdirligi hem-de Balkan welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki umumy bilim berýän orta mekdepleriniň arasynda Kitap geçeni, geljegi öwretýän danaady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşik üç şertden ybarat boldy. Bäsleşigiň dowamynda mekdep okuwçylardan düzülen toparlar öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Gyzykly geçen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda I orna Balkanabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiniň okuwçylary,  II orna Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki 14-nji orta mekdebiniň okuwçylary, III orna Balkanabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiniň okuwçylary ýeňiji boldylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy hem-de ýylyň göreldeli mekdebi adyna eýe boldylar.

 

 

Oguljeren ÇENDIROWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY