Bagtyýar döwrümiziň şadyýan nesilleri

Döwletimizde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda çagalar barada edilýän aladalar ummasyz bolup, olaryň her biri taryhy senelere altyn harplar bilen ýazylýar. Bu ýyl hem 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni Diýarymyzyň ähli künjeginde uludan baýram edilip bellenilip geçiler. Nurana geljegimiziň gözbaşy bolan bagtyýar çagalaryň bu baýramy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täzeçe ruha hem-de iňňän uly şatlyk-şowhuna beslener. Çünki bu gün Türkmenistan — bagtly çagalygyň, ýaş nesilleriň ähli arzuwlarynyň we islegleriniň hasyl bolýan ýurdydyr.

Bagtyýarlyk baradaky düşünjä her bir adam özüçe kesgitleme berýär. Emma tutuş halkyň bagtyýar durmuşy üçin zerurlygyň nämedigi hakyndaky sowala welin hemmeleriň jogaby deň gelse gerek. Halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ýurduň asudalygy, parahatlygy, abadanlygy, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesi esasy görkezijiler bolup durýar.

Şu ýylyň 15-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäherindäki 400 orunlyk köpugurly hassahanany açyp, ulanmaga berdi. 5-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynyň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze açylan köpugurly hassahana baryp, şol ýerde bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy, lukmançylyk hyzmatlary bilen tanyşdy. Bu çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan degişli ýardam beriljekdigini belledi. Ýaňy-ýakynda bolsa hormatly Arkadagymyzyň paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine baryp, ol ýerde bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy bilen içgin gyzyklanmagy ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi üçin zerur bolan işleriň ählisiniň yzygiderli ýerine ýetirilýändigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Bu waka ýaş türkmenistanlylaryň ruhy hem-de beden taýdan sagdyn ösmegi, zehin-başarnyklarynyň doly açylmagy üçin döwletimiz tarapyndan irginsiz alada edilýändiginiň, jemgyýetimizde ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly asylly ýörelgeleriň barha dabaralanýandygynyň beýanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň merkezde bejergi alýan çagalar üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan 400 müň amerikan dollary möçberinde pul serişdesiniň goýberiljekdigini aýtmagy bolsa her birimiziň kalbymyzda egsilmez hoşallyk duýgusyny döretdi.

Asuda oba-şäherlerimiziň, owadan tebigatyň arassa gurşawynda ýekelikde ýa-da maşgala bolup dynç almak üçin döredilýän şertleriň barha artdyrylmagy abadan durmuşyň, adam hakyndaky aladanyň baş görkezijileriniň biridir. Çagalaryň dynç alyş döwri deňiz kenarynda, Gökderede, şeýle hem welaýatlarda döredilen döwrebap çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde saglygyny berkitmekleri, gowy dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Obadyr şäherlerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin häzirki zaman sport enjamlary bilen üpjün edilen meýdançalar, suwda ýüzmegi halaýanlar üçin merkezler ýaşlaryň arasynda gyzykly ýaryşlaryň geçirilýän joşgunly ýerlerine öwrüldi.

Ösüşiň her bir tapgyrynda ýaş nesle aýratyn talaplar bildirilýär we ýaşlaryň jemgyýete mynasyp agza hökmünde köpçülige goşulyşmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Bu çäreler döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasaty arkaly amala aşyrylýar. Diýarymyzda ýaşlar barada alnyp barylýan döwlet syýasaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglydyr. Ýurdumyzda ýaş raýatlaryň bähbitlerini goraýan iň uly jemgyýetçilik guramasy döwlet edaralary bilen bilelikde toplumlaýyn wezipeleri çözmäge we üstünlikli ýerine ýetirmäge gatnaşýar. Ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda halkymyzyň ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek işleri bilen bir hatarda, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, ýaş raýatlara saglygyny goramakda we howply keselleriň öňüni almakda goldaw bermek ýaly wezipeler hemişe öz derwaýyslygyny saklaýar. Häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň türkmen jemgyýetini döwrebaplaşdyrmak syýasaty ýaşlar babatynda öňde goýlan wezipeleriň, şol sanda durmuş syýasatynyň üstünlikli çözülýändigini alamatlandyrýar. Goý, mähriban Diýarymyzy bagtly çagalygyň, gül-gülälek ýaşlygyň ýurduna öwürmekde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bimöçber işleri uly rowaçlyklara beslensin!

Ýazpolat KERIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY