Çaga ynsanyň bagty, ömrüniň manysy. Çaga durmuşyň güli hasaplanýar. Çagalar ýetişip gelýän ter duýguly nesil. Olaryň şadyýan ruhy dünýäsi göwünlere we töwerege ýakym, nuranalyk hem giňlik çaýýar. Türkmen perzendini aýratyn mähir-muhabbet bilen gurşap alýar. Göreldäň, söýgiň, hormatyň, mähriň, sylagyň güýji bilen çaganyň kalbyna nusgalyk edep kadalaryny guýýar. Milli terbiýeçiligiň bu ajaýyp ýörelgesi barada taryhyň dürli döwürlerinde türkmen topragynda bolan daşary ýurtly alymlar haýran galmak bilen belläpdirler. Ilhalar nesli ýetişdirmekde maşgala terbiýesiniň aýratyn orny bar. Agzybir, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşaýan maşgalada kämil şahsyýetler kemala gelýär.
Çaganyň ata-enesi onuň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegini üpjün etmek maksady bilen, çaga hakda alada we hossarlyk etmäge, onuň ösmegi we kämilleşmegi üçin şertleri döretmäge, ony watansöýüjilik, ynsanperwerlik, umumadamzat ruhy gymmatlyklaryň ruhunda terbiýelemäge, özboluşlylygyny, ýaşyny we jynsyny nazara alyp, onuň bilen şahsyýet hökmünde gatnaşmaga borçludyr.
Häzirki döwürde çaga hukuklary dünýä möçberinde, halkara derejede hem dabaralanýar. 1959-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Çagalaryň hukugynyň Jarnamasy munuň aýdyň mysalydyr. Onda ene-atalar, döwlet we ýerli häkimiýet edaralary, hökümete degişli bolmadyk guramalar onuň maddalarynda beýan edilen çaga hukuklarynyň we erkinliginiň ykrar edilmegi üçin tagalla etmäge çagyrylýar. Şeýle-de BMG 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda «Çagalaryň hukuklary hakynda» Konwensiýany kabul etdi. Oňa 61 döwlet gol çekdi. Bu Konwensiýa BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) işiniň maksatnamalaýyn resminamasydyr. Bu Konwensiýa 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda çagalary goramak we olaryň hukuklaryny kepillendirmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýän hem-de özüniň kiçi ýaşly raýatlary üçin has oňaýly durmuş şertlerini üpjün etmek meselelerine jogapkärli çemeleşýän Türkmenistan hem goşuldy. Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNISEF-iň hyzmatdaşlygy hemişelik we bilelikdäki taslamalar esasynda guralýar. Olar saglygy goraýyş, bilim, suw üpjünçiligi, sanitariýa, habar beriş ugurlary boýunça düzülen maksatnamalardyr. Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk uly ösüşlere eýe bolýar. Şu nukdaýnazardan, 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanda enäniň, çaganyň we ýetginjekleriň saglygyny gorap saklamak babatda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýasy» kabul edildi. Bu strategiýa laýyklykda, çaganyň irki ösüşi üçin zerur bolan ýokary hilli saglyk hyzmatlary, sagdyn iýmitleniş, mekdebe çenli bilimiň üpjün edilmegi babatda alnyp barylýan işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şonuň bilen birlikde 2018-nji ýylyň 22-nji iýunynda «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy» tassyklanyldy. Bu Milli meýilnama BMG-niň kabul eden «Çaganyň hukuklary hakyndaky» Konwensiýasynda we Türkmenistanyň gatnaşyjysy bolan halkara şertnamalarynda beýan edilen ýörelgelerden ugur alýar hem-de çagalaryň bähbitlerini goraýan durmuş taýdan döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Çagalaryň hukuklary boýunça Milli meýilnamanyň çägindäki ähli maksatlar we wezipeler çagalaryň hukuklarynyň we durmuş kepillikleriniň berjaý edilmegine gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan pähim-parasatly syýasatynyň netijesinde çagalary ynsanperwerlik ýörelgeler esasynda terbiýelemek, fiziki we intellektual ösüşini üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär.
Goý, elmydama ýurdumyzda kalby buýsançdan, nurana ýüzleri mähirden doly bagtyýar çagalaryň şadyýan gülki sesleri her bir maşgalada belentden ýaňlansyn!
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
baş hünärmeni.