«Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy bilelikde ýurdumyzda giňden belleniljek Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly
Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli
«Arkadagly zamananyň
dörediji ýaşlary» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

 

Bäs­le­şi­giň ­mak­sa­dy:
 

Ga­raş­syz, ­he­mi­şe­lik ­Bi­ta­rap ­Türk­me­nis­tan­ döw­leti­miziň ösüş-özgerişleri, hormatly Prezidentimiziň­ pa­ra­hat­ dur­muş,­ ýaş ­ne­sil­le­riň ­nu­ra­na ­gelje­gi­ üçin durmuşa geçirýän beýik işleri uly üs­tün­lik­le­re­ bes­len­ýär.­­ Gahryman Arkadagymyzyň ­öň­den­gö­rü­ji­lik­li­ sy­ýa­sa­ty­ny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýur­du­myzda äh­li­ ugur­lar­ bo­ýun­ça­ ösüş­le­re­ eýe bolnup,­ be­ýik ­sep­git­le­re ­ýe­til­ýär.

2022­-nji – “Halkyň Arkadagly zamanasy” ­ýylynda edebi döredijilik bilen meşgullanýan zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny höweslendirmek hem-de halk köpçüligine ýakyndan ýetirmek maksa­dy ­bi­len,­ Türk­me­nis­ta­nyň ­Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky­ Ýaş­lar­ gu­ra­ma­sy­nyň­ Mer­ke­zi­ Ge­ňe­şi­ hem-de­ «Biz­nes rek­la­ma»­ ga­ze­ti­niň re­dak­si­ýa­sy­ bi­le­lik­de­ «Arkadagly zamananyň dörediji ýaşlary» ­at­ly ­döredijilik bäs­le­şi­gi­ni­ yg­lan ­ed­ýär.

 

Bäsleşigiň düzgünleri:

Döredijilik bäs­le­şi­gi­ne­ ýur­du­my­zyň­ 30 ýaşa çenli ýaş­la­ry,­ şol ­san­da­ mek­dep­ okuw­çy­la­ry-­da gat­na­şyp ­bi­ler­ler.­ Bäs­le­şik iki ugur boýunça, ýagny goşgy düzmek we habar ýazmak boýunça geçirilýär. Bäsleşigiň goşgy düzmek görnüşi boýunça ýaş şahyrlar watançylyk ruhundaky, türkmen tebigatyny, bagtyýar durmuşy, erkin söýgini wasp edýän, täze (ozal metbugatda çap edilmedik) goşgularyny ugradyp bilerler.

Habar ýazmak görnüşi boýunça ýaş habarçylar ­ýur­du­my­zyň­ halk ­ho­ja­ly­gy­nyň­ dür­li­ ugurlaryndaky önümçilikler, aýratyn­­da,­ söw­da­ we ­hyz­mat­lar­ ul­ga­my­na ­de­giş­li ­tä­zelik­ler ­ — ­ tä­ze­ önüm­le­riň­ ön­dü­ri­li­şi­ hakynda­ky­ ha­bar­lary­ (diňe habarlar )­su­rat­la­ry­ bi­len ­hö­dür­le­me­li.­ Ha­bar­lar­da­ be­ýan edil­ýän ­mag­lu­mat­lar­ we ­san­lar­ anyk ­bo­lup, su­rat­lar hök­ma­ny ­ýag­daý­da taýýarlanylan ­ha­ba­ra­ de­giş­li­ bol­ma­ly.­ Eger­-de tä­ze ­önüm­ hakynda­ky ha­bar ­bol­sa, ­mag­lu­ma­ty ­önüm­ ön­dü­ri­ji­niň­ özi­ bi­len­ ha­bar­la­şyp­ taý­ýar­la­nyl­ma­ly.­ Söw­da­ ul­ga­myn­da­ zäh­met­ çek­ýän­ il­deş­le­ri­miz,­ tele­ke­çi­le­ri­miz ­öz­ alyp ­bar­ýan ­iş­le­ri ­hakynda,­ söw­da­ pudagynda gazanylan üstünlikler barada habarlaryny hö­dür­läp­ bi­ler­ler.

Bäsleşigiň geçiş tertibi:

 

Goşgularyň gowulary we ha­bar­la­ryň­ mö­hüm­le­ri­ «Biz­nes reklama» gazetinde çap ediler. Şeýle-de gazetiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň resmi web-saýtlarynda okyjylara ýetiriler.

Eminler topary bäsleşigi guraýjylar tarapyndan kesgitlener. Bäsleşigiň ýeňijileri eminler topary tarapyndan saýlanyp, 2022-nji ýylyň iýun aýynyň ahyrynda jemleniler.

 

Döredijilik bäsleşigine goşgular we habarlar bäsleşigiň Düzgünnamasy çap edilen gününden kabul edilip başlanýar. Döredijilik bäsleşigine hödürlenilen işler iýun aýynyň 25-ine çenli kabul ediler.

«Ýeňiji» diýlip yglan edilen ýaşlar – baş baýraga mynasyp bolan Aýdyň gijeler hojalyk jemgyýetiniň Tolkun atly 32 dýum ölçegli smart telewizory, birinji, ikinji, üçünji orna mynasyp bolanlar gymmatbahaly hojalyk tehnikalary we bäsleşige işjeň gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary bilen sylaglanylar.


Ha­bar­laş­mak ­üçin te­le­fon­ bel­gi­le­ri­miz:
«Biz­nes ­rek­la­ma»­ ga­ze­ti­niň ­re­dak­si­ýa­sy: ­23-77-92

Elekt­ron ­poçtala­ry:­ biznes.reklama@list.ru; biznes.reklama.newspaper@gmail.com

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi

Elekt­ron ­poçtala­ry: turkmen-youth@online.tm

tel: 44-88-81