Nesiller daşyňyzda jebis, ARKADAG!

Hormatly Prezidentimiz ogly we agtygy bilen irki sport maşklaryny ýerine ýetirip, ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Hormatly Prezidentimiz durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde bedenterbiýe hereketini ösdürmäge umumymilli häsiýet berip, halkymyzyň abadançylygy, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy, raýatlarymyzyň beden we ruhy sagdynlygy, ruhy taýdan baý nesli terbiýeläp ýetişdirmek baradaky aladany döwletimiziň esasy wezipeleriniň hataryna çykardy.

 Arkadag Prezidentimiz şahsy göreldesi bilen sportuň adamyň durmuşynda eýeleýän möhüm ornuny, tutanýerliligiň, ýokary guramaçylygyň hem-de maksada okgunlylygyň belent nusgasyny görkezýär. 9-njy maýda hem hormatly Prezidentimiz ogly we agtygy bilen irki maşklary ýerine ýetirip, soňra welosipedli we atly gezelenç etdi.

 Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň milli welosiped mekdebini dikeltmäge hem-de ony häzirki zamanyň derejesine çykarmaga uly üns bermegi netijesinde, sportuň bu görnüşiniň ösüşine kuwwatly itergi berildi. Welotrek ýaryşlary şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem girizildi.

 Paýtagtymyzda bina edilen, Merkezi Aziýadaky iň iri Olimpiýa şäherjiginde halkara ölçeglerine kybap gelýän ajaýyp welotrek guruldy. Halkara bilermenleriniň baha bermegine görä, bu ýerde dünýä möçberindäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik bar.

Aziada — 2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde welotrekde synag ýaryşlary geçirildi, olaryň netijeleri esasynda welosiped ýaryşy boýunça milli ýygyndymyzyň deslapky düzümi döredildi. Biziň milli ýygyndymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda medallar ugrunda göreşer.

 Hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýar, ýurdumyzda atşynaslyk ulgamynyň ösdürilmegine ähmiýet berýär we ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagy ugrunda zerur tagallalary edýär. Türkmenistanda atçylyk sporty hut milli Liderimiz tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň atçylygyny döwrebaplaşdyrmaga, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini, şol sanda konkury ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen konkur Aziada — 2017-niň ýaryşlarynyň maksatnamasyna girizildi.

 Hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerimguly atasyndan at çapmagyň inçe tilsimlerini, aýratynlyklaryny birkemsiz öwrenip, çapyksuwarlykda özüni synap gördi. Ol özüniň ýaşdygyna garamazdan, bedewlere erjellik bilen erk etmegi başaryp, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçirilýän at çapyşyklaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýär. Soňky döwürde bolsa Kerimguly at seýislemek işi bilen meşgullanyp başlady. Ol özüniň atasynyň atşynaslyk mekdebini geçip, bedew seýislemegiň usullaryny birkemsiz ele aldy.

“Nesil” gazeti,

11.05.2017ý.

Meňzeş habarlar