Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim we şäher gurluşygy ulgamynda ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem işewürler maslahatyny, duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek üçin ýurdumyzyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň27-nji iýuny 1-nji iýuly aralygynda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hanoý şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
* * *
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp hem-de Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen ýertitremäniň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere, uly möçberli weýrançylyklara getirendigini nazara alyp, 2022-nji ýylyňiýun aýynda doganlyk owgan halkyna kömek bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Dokma senagaty ministrligine, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli harytlary, azyk önümlerini, derman we lukmançylyk serişdelerini owgan tarapyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde muzdsuz bermek tabşyryldy.
Resminama bilen, Daşary işler ministrligine 2022-nji ýylyň iýun aýynda Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.
* * *
Berkarar döwletiňtäze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, agzybir halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliklerini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi.
Resminama bilen, Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine we Aşgabat şäheriniň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini, olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
(TDH)