Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe häzirki wagtda tomus paslynyň şatlykly günlerini başdan geçirýän bagtyýar nesillerimiziň mynasyp dynç alyşlaryny, wagtlaryny peýdaly geçirişlerini synlanyňda, hormatly Prezidentimiziň çagalar barada döwlet derejesinde edýän çäksiz aladalarynyň öz miwesini bolluk bilen eçilýändigini görmek bolýar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde Arkadagly Serdarymyzyň çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk guramak babatdaky talaplary hemişe baş ýörelge, ugur görkeziji bolup durýar. Şonuň üçinem bu ýerlere ýurdumyzyň çar künjünden gelýän çagalar bilen işleşmekde TMÝG-niň Balkan welaýat, etrap, şäher Geňeşleri tarapyndan ýörite meýilnamalar düzülip, şu meýilnamalarda çagalaryň dynç alyşlaryny täsirli, ýatda galyjy, peýdaly bolmagy babatda hemmetaraplaýyn aladalar edilýär. Şeýle çäreleriň biri hem TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap Geňeşi tarapyndan tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürmek, çagalaryň dynç alyşlaryny şowhunly geçirmek maksady bilen “Biz bagtyýar çagalar” ady bilen“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Balkan” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde sportyň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler geçirildi. Bäsleşige gatnaşan we bäsleşiklerde ýeňiji bolan çagalara ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Makalalar
“Biz bagtyýar çagalar”
29 Iýun 2022
7663

Meňzeş habarlar
19 Iýun 2025
| 38 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
MEDENIÝET HALKYŇ KALBYDYR
18 Iýun 2025
| 65 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
“MILLI MIRAS — NESILLERE GÖRELDE” ATLY GEPLEŞIGIŇ...
18 Iýun 2025
| 56 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>