Türkmen halkynyň medeni mirasy atşynaslyk sungatynyň ösüş taryhyny çuňňur şöhlelendirýär. Eýsem-de, bu mirasyň özenini hem-de çäklerini seljermek bolarmy?! Ol her bir döwürde hem şol döwrüň wakalary bilen baýlaşdyrylypdyr. Ol miras müdimi öwrenilýän hem-de gymmaty artdyrylýan mirasdyr. Şoňa görä-de, ol baradaky anyk kesgitlemäniň teswirlenilmesi hem giňär. «Eýýamlaryň bedewi»... Bu kesgitleme maňa wagt geçdigisaýyn syrly bolup görünýär. Sebäbi gürrüň kämilligiň ykrar edilmeginde däl-de, onuň döredilmegindedir. Şol «dörediliş nokady» bolsa, anyk bilimleri we oýlap tapyşlary özüne jemlemelidir.
Aklyň ýetmedik ýerinde gudrat başlanýar. «Behişdi bedew», «suw aty», «ýel aty» ýaly kesgitlemeler hem-de atlarymyz baradaky ençeme ýordumlar hut şonuň ykrar edilmesidir. Bu hem tebigatyň bize beren uly serpaýydyr. Şeýle «serpaýlaryň» gadyryny bilip, arzyly saklamak bolsa, olaryň ömrüni müdimi edýär. Şu ýerde men tebigatdan alnan bir tymsaly beýan etmekçi. Adam ogluna baglar, daglar, derýalar, ýerasty baýlyklar we başga-da sansyz köp baýlyklar serpaý berlen. Nirede tebigat bilen sazlaşyklylykda ýaşalyp, şol baýlyklaryň durnuklylygyna täsir edilýän bolsa, ol ýerde adamlar rysgal eýesi, bereket bulagyndan paýly bolýarlar. Biz ruhy, maddy we medeni baýlyklarymyz barada hem şol ýörelgä pugta eýermelidiris. Bu biziň ata-babalarymyzyň pendidir. Hut şonuň üçinem atşynaslygy ösdürmegiň iň nusgalyk mekdebi türkmen Diýaryndadyr. Biz muny ýurdumyzda behişdi bedewlerimize berilýän ünsüň mysalynda hem aýratyn belleýäris. Men Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, ahalteke atlary boýunça tejribesi bolan adam hökmünde bu milli mirasymyzy aýawly saklamagymyzy, ilkinji nobatda, ata-babalarymyzyň ojak dowamatyna sarpamyz diýip hasap edýärin. Çünki atçylyk ýöne bir miras bolman, ol ýaşaýşa bolan söýgini müdimileşdiren ebedi sungatdyr.
Taryh nireden başlanýan bolsa, şol ýerde, şol döwürde bedewli geçilen menziller onuň esasynda ýatandyr. Oguz hanyň pentleri, Gorkudyň boýy, Göroglynyň batyrlygy, Magtymgulynyň watançylygy hakynda aýdanymda, men şol döwre mahsus sypatlaryň esasysy – bedewe erk etmek, bedewleri kemala getirmek, olary seýislemek sungaty barada oýlanýaryn. Ähli döwürlere mahsus bolan bu wezipäni durmuşa geçirmekde nesilleriň rüstemligi seýisleme sungatynyň baýlaşmagyny üpjün edýär. Seýisçilik baradaky maglumatlary has irki döwürleriň çeşmelerinden hem tapyp bolýandygy okyja mälimdir. Çünki hakyky dörän wagtynyň haýsy döwürdigini saýgarmak kyn bolan ýazgylarda hem bedewler baradaky waspnamalar bar. Men wagt barada aýdanymda, pikirleriň çaprazlygyny hem-de ýeterlik barlaglaryň wajypdygyny göz öňünde tutýaryn. Şeýle ýagdaýda biz aňda galan, emer-damarymyza ornan hakykata daýanýarys. Sebäbi her bir zadyň, «döredilen zadyň» ilkinji başlangyç nokady bardyr. Eger ony anyklamak başartmasa, onda ol ylahylykdyr. Men şeýle diýmek bilen, öwrenmegiň dowamlydygyna hem ünsi çekmekçi bolýaryn. Adamyň ömürboýy gözlegde bolýandygy hem şonuň üçindir. «Gözlemek», munuň aňyrsynda durmuşa bolan höwesleriň jemi bardyr. Durmuşyň mazmuny şondadyr.