GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNDAN

Ynha şular ýaly mazmundaky tymsallar halkymyzyň myhmansöýerlik dessurlarynyň esasyny düzýär. Şunuň bilen ugurdaş manydaky bir taryhy waka hem bolupdyr. Muhammet Baýram han Türkmeniň Mogollar hökümdarlygynyň şöhratlanmagynda goşandynyň uludygy barada başda hem ýatlapdym. Ol şahyrlara, alymlara, akyldarlara köp sahawat edipdir. Olara köp engam berdiripdir. Käteler onuň hazynasynda ýeke teňňe galmaýan halatlary hem bolupdyr. Şonda-da Baýram han halkymyzyň häzirki döwür üçin örän ýörgünli bolan «Çykdajy çykman, girdeji girmez» diýen pähimini ýörelge edinipdir. Şahyr, akyldar, alym adamlaryň hem hüý-häsiýetleri özboluşly, olaryň ýüregi heserli bolýar, şonuň üçinem käteler olaryň höwes edýän zatlaram täsin bolýar. Bir gezek döwrüniň ussat şahyry meşhur serkerdä:

– Bir jam tyllany eliňde saklap görseň nähili bolarka, bu adama nähili täsir edýärkä? – diýip, sowally ýüzlenipdir. Baýram han şolbada:

– Baryň, hazynamdan bir jam tylla getiriň-de, ony şahyryň eline beriň! – diýipdir. Serkerdäniň diýeni berjaý edilýär. Şahyr elinde tyllaly jamy esli wagt saklap durýar-da, ony yzyna gaýtaryp berýär. Şol halat tyllany ýene öňki ýerinde goýmak üçin yzyna ýönelen hazynaça meşhur serkerde:

– Tyllany şahyra ber, yzyna alma! Ol hakyky eýesine gowuşdy – diýipdir. Şunuň özi sahylygyň aňrybaş göreldesidir.

Öňki makala

ÝÜREKDEN ISLEMEK

Meňzeş habarlar

12 Awgust 2025 | 51 okalan

ÝÜREKDEN ISLEMEK