Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny bermek hakynda
DÜZGÜNNAMASY
Umumy düzgünler
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly sepgitleri eýeleýär, belent derejelere ýetýär. Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalary netijesinde ýaşlar baradaky syýasat üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir. Bu nesil eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr» diýip, ýaşlara uly ynam bildirýär we olaryň döwrebap ylym-bilim almagyna, hünär eýesi bolmagyna, işlemegine ähli mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň sargytlaryny ýüregine siňdirip, ýaşlara diňe okamak, öwrenmek, döretmek, halk üçin, Watan üçin işlemek galýar.
Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlary we ýaşlaryň döredijilik toparlaryny Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglaýar.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna dalaş edýän ýaşlar ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, döwlet edara-kärhanalary, jemgyýetçilik we döredijilik guramalary, ylym, bilim, saglygy goraýyş edaralary, ýokary we orta hünärment okuw mekdepleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan hödürlenip bilner.
Baýraga hödürlenýänleriň resminamalary degişli etraplaryň we şäherleriň Ýaşlar guramalarynda bellenen tertipde kabul edilýär. Resminamalaryň kabul edilen wagty we beýleki maglumatlar aýratyn kitapçada hasaba alynýar.
Resminamalarda baýraga hödürlenýänleriň soňky 3 ýylyň dowamynda bitiren hyzmatlary hem-de gazanan üstünlikleri, döredijilik işleri, guramaçylyk başarnygy, jemgyýetçilik işjeňligi baradaky maglumatlaryň we onuň Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenýändigi hakynda degişli edara-kärhanalaryň işgärleriniň umumy maslahatynyň kararynyň bolmagy hökmandyr.
Edaralar we guramalar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenýän zehinli ýaşlaryň baýraga mynasyplarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin olaryň ýerlerde çykyş etmeklerini guramaga, olar bilen duşuşyklary, gürrüňdeşlikleri geçirmäge borçlydyrlar.
Baýraga hödürlenýänleriň ýaşy 16 – 30 ýaş aralygynda bolmaly.
Baýrak iki, üç adama bölünmeýär we gaýtadan berilmeýär.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy ýylda bir gezek berilýär. Baýraga hödürlenýänleriň resminamalary ýylda bir gezek şol baýrak hakyndaky Düzgünnama metbugatda çap edilen gününden başlap, etraplaryň we şäherleriň Ýaşlar guramalarynda kabul edilýär. Etraplaryň we şäherleriň Ýaşlar guramalary baýraga hödürlenenleriň içinden iň mynasyplaryny saýlap-seçip, olary öz mejlisleriniň kararlary bilen welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Ýaşlar guramalaryna tabşyrýarlar. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Ýaşlar guramalarynyň mejlislerinde baýraga hödürlenýänleriň resminamalaryna seredilýär hem-de okuwda, zähmetde, jemgyýetçilik, wagyz-nesihat işlerinde has tapawutlanan ýaşlary Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlemek barada karar kabul edilýär. Şondan soňra welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça saýlanyp alnan ýaşlaryň resminamalary şol karar bilen bilelikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisiniň garamagyna berilýär.
Resminamalaryň taýýarlanylyşy
Resminamalar baýraga hödürlenýänleriň her biri üçin bir nusgalykda taýýarlanylýar. Şol resminamalar baýraga hödürleýän edara-kärhana tarapyndan hem-de etrap, şäher, welaýat Ýaşlar guramalary tarapyndan tassyklanan bolmalydyr.
Baýraga hödürlenýäniň resminamalary we onuň sanawy bellenen tertibe laýyklykda bir bukjada ýerleşdirilmeli.
Baýraga hödürlenýäniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalyk şahadatnamasy bolmaly;
Resminamalarda baýraga hödürlenýäniň (ady, atasynyň ady, familiýasy, doglan ýyly, milleti, öý salgysy pasport boýunça dogry ýazylmaly we onuň okaýan ýa-da işleýän ýeri) doly hem dogry görkezilmeli.
Baýraga hödürlenýän ýaşlaryň döredijilik topary boýunça hem şol topara gatnaşýan ýaşlaryň ýaş aýratynlygy we toparyň ýolbaşçysy barada anyk maglumat berilmeli.
Kabul edilýän resminamalaryň sanawy
- Baýraga hödürlenýäniň 3x4 ölçegdäki 6 sany reňkli fotosuraty, şahsy resminamasy, terjimehaly, pasportynyň nusgasy;
- Baýraga hödürlenýäniň işiniň jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilenligi baradaky subutnamalar, ýagny gazanan üstünlikleri üçin berlen hormat hatlarynyň, diplomlaryň we beýleki baýraklaryň nusgasy hem-de eden işlerini görkezýän fotosuratlar, CD we DVD ýazgylary, metbugatda çap edilen döredijilik işleriniň nusgalary;
- Baýraga hödürlenýän edara-kärhanalaryň, guramalaryň we döredijilik toparlarynyň hödürnamasy, häsiýetnamasy we etrap, şäher, welaýat Ýaşlar guramalarynyň mejlisleriniň beýanyndan göçürme gol çekilip, möhür basylyp, tassyklanan bolmaly.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenýän işler, resminamalar jemlenenden soňra, olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisi tarapyndan seredilýär we tassyklanylýar. Şol mejlisde Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny bermek barada jemleýji karar kabul edilýär we ol metbugatda çap edilýär.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar.
Ýaşlar guramasynyň ýerli wekilleri welaýatlaryň we Aşgabat şäherinden Ýaşlar baýragyna hödürlenýän ýaşlar baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine 2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 15-ine çenli ibermeli.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-88-79; 44-88-85;