Nesiller üçin beýik işler

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Ruhabat etrabynyň «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňýanynda, 17-nji maýda täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

 Halkymyzyň kalbyna siňen ajaýyp häsiýetleriň biri hem eziz Watanyna bolan söýgüsidir. Bu dünýäde ynsan kalbynyň aram-karar tapýan ýeke-täk ýeri dogduk Diýarydyr. Akyldarlaryň biri: «Ynsanyň bagtyýarlygy onuň öz Watanyna bolan söýgüsine görädir» diýipdir. Şeýle sözleri okap, döwrüň bagtyýarlyk howasyndan erkana dem alýan çagymyz aýdyň bir hakykat ör-boýuna galýar. Örkümizem, görkümizem, bagtymyzam şu toprakda, şu Watanda. Milli Liderimiziň eziz halkyna bolan beýik söýgüsiniň miwesini durmuşymyzda anyk-aýdyň görýäris.

Ýurdumyzda gurulýan kaşaň desgalar, medeni maksatly binalar, döwrebap ýollar, açylýan täze ýaşaýyş toplumlary halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilýän belent sepgitler milli Liderimiziň beýik paýhasyndan dörän ajaýyp sungat eserleridir. Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän işlerde halkymyzyň saglygy, agzybirligi, bagtyýarlygy ilkinji nobatda goýulýar.

 Bina gurmak, döretmek ata-babalarymyzdan miras galan mukaddes ýörelgeleriň iň ajaýybydyr. Täze gurulýan döwrebap binalar diňe bir daşky gözelligi, zynaty bilen tapawutlanman, eýsem raýatlaryň ýaşaýyş durmuşyny has ýeňilleşdirýän häzirki zaman serişdeleri, ýokary mümkinçilikler bilen hem üpjün edilýär. Gahryman Arkadagymyz her bir işde adamlaryň oňaýly durmuşynyň üpjün edilmegi, döredijilikli zähmet çekmegi we ruhubelent dynç almagy üçin ähli amatly şertleriň döredilmelidigini belleýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan iri möçberli işleriň netijesinde berkarar döwletimiz özüniň kaşaň binagärlik toplumlary bilen dünýäniň iň owadan we ähli amatlyklary bolan merkezleriň birine öwrüldi.

 Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbini özgerdýän, paýtagtymyzdaky ak mermere beslenýän täze binalar, amatly ýaşaýyş jaýlary, döwrebap mekdepler, şypahanalar, medeni merkezler, sport desgalary, senagat kärhanalary yzygiderli gurulýar. Gurulýan binalaryň milli öwüşginlere baý bolmagy esasy talaplaryň biridir. Bu ajaýyp binalarda döredilýän şertler halkyň bagtyýarlygynyň nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen täze ýaşaýyş toplumlary, döwrebap obalar, şäherçeler gurlup, ulanylmaga berilýär. Munuň netijesinde müňlerçe maşgalalar täze jaýlaryň eýeleri bolýarlar. Bu jaýlar hojalyga zerur bolan ähli amatlyklar bilen üpjün edilen.

 Milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli başlangyçlary bilen täze obalaryň, şäherçeleriň gurlup, ulanylmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy aýratynlygydyr. Häzirki wagtda hem ägirt uly depgindäki gurluşyklar ýurdumyzyň ähli künjünde alnyp barylýar. Bu bolsa berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň örän ýokarydygyny tassyklaýan hakykatdyr.

Bu günki gün halkymyz bagtyýar zamanada ýaşaýar. Ak mermere bürenen binalar, al-ýaşyl bossanlyklar bilen gurşalan medeni-dynç alyş ýerleri, nurana ýüzler, röwşen geljege umytly bakýan gözler, her ýerden eşidilýän çaga gülküleri — bularyň ählisi gözellikleriň utgaşmagydyr. Ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göterýän hem-de halkymyzy eşretli we abadan durmuşda ýaşadýan milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

“Nesil” gazeti,

20.05.2017ý.

 

Meňzeş habarlar