TERBIÝE: ASYRLARYŇ RUHY HAZYNASY

Eziz Diýarymyzyň geljegi bolan ýaşlar baradaky alada döwlet derejesinde hemişe üns merkezinde saklanyp,olaryň ýokary ahlakly,watansöýüji kamil nesiller bolup ýetişmegi ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çykyşynda “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys” diýip nygtamagy hem ýaşlaryň türkmen jemgyýetindäki mynasyp ornuny aýdyň kesgitleýär.

Milli terbiýe her bir şahsyýetiň özeni, onuň kemala gelmeginiň düýp maýasydyr. Bu babatda “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň mazmunyndan eriş-argaç bolup geçýän ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi, şeýle terbiýäniň düzümi we bu babatdaky işiň esasy ugurlary bilen baglanyşykly wajyp hukuk kadalarynyň berkidilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki mukaddes Watanyň hyzmatyna dahylly bolmak, ösüşlerine goşandyňy goşmak her bir ynsan üçin uly bagt hem mertebedir. Watan söýüjilik türkmeniň milli

terbiýe mekdebiniň düýp özeninde orun alandyr. Adamzat geçmişiniň aýnasy bolan şöhratly taryhymyza ser salanymyzda, Görogly beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar ýaly mert, gaýduwsyz şahsyýetlerimiziň ene topragy, ata Watany döşgerip gorandyklary baradaky hakykat bilen ýüzleşýäris. Serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň “Watan üçin çykdym gyrat üstüne,” Tä janym çykynça, dönmenem, begler!” diýen setirleriniň mazmunyndan hem görnüşi ýaly, türkmenleriň mertligi, gaýduwsyzlygy hemişe baýdak edinip gezendiklerine akyl ýetirmek bolýar.Haçan-da öz iline ýürekdeş, topragyna we ýurduna wepaly bolup bilen ynsan özge ýurtlara hem sarpa goýup biler. Sebäbi wepalylyk duýgusy adamyň ahlak dünýäsi bilen baglanyşyklydyr. “Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär” diýen pähime eýerýän halkymyzyň nesil terbiýesinde arassa ahlaklylygyň, ýagşy niýet-päliň, sabyr-takatlylygyň, halallygyň, zähmetsöýerligiň nusgalyk adam  bolmakdaky wajyp şertdigini ündeýän nesihatlary ynsanyň durmuş ýolunyň çelgisini kesgitleýär. Meşhur alym Reýhan Horezminiň “Mertebeler we kemlikler” atly eserinde ýaşlar üçin gymmatly gylyk-häsiýetler şeýle beýan edilýär “Ýagşy gylyklar köp görnüşli bolup, ilki başda akyl durýar, ondan soňra ylym, mylaýymlyk, jomartlyk, dogruçyllyk, sabyrlylyk, şükranalyk, ýagşylyk we ak göwünlilikdir. Haçan-da nebsiň tersine gitseň, dogry ýola gönügersiň, ony pes tutsaň,beýige galarsyň, harlasaň, päkize bolarsyň” Şunuň bilen baglylykda, ata-babalarymyz her bir zadyň, salamlaşmagyň, toýda-märekede oturyp-turmagyň, köpçülikde özüňi alyp barmagyň, hassa soramagyň, myhman garşy almagyň, goňşuçylyk edebiniň, çörek iýmegiň, geýinmegiň hem köpçülikde ýerlikli sözleýşiň özboluşly edep kadalaryny sünnäläp häzirki günlerimize miras galdyrypdyrlar.

Taryhyň dürli döwürlerinden häzirki günlerimize ýetip gelen gymmatlyklarymyz esasynda kemala gelýän kämil nesillerimiz eziz diýarymyzyň röwşen geljegine bolan uly ynamy has-da berkidýär.

 

Aýgül SALYHOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky,

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň,

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY