ÝAŞ ZEHINLERIŇ ÜSTÜNLIGI

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Hormatly Prezidentimiziň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII Gurultaýynda: «Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly» diýen sözlerinden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni giňden wasp etmek, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde ýaş žurnalistleriň arasynda yglan eden «Arkadagly zamananyň bagtyýar nesilleri» şeýle-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen «Türkmenistan Sport» halkara žurnaly bilen bilelikde yglan eden «1000 söz» atly döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlendi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri hem-de milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işleri durmuşa geçirýär. Ajaýyp zamanamyzyň her bir gününiň eşreti, ajaýyplyklary kalplara ylham, joşgun berýär. Zehinli ýaşlarymyzyň döredijiliginde Berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, parahatçylygy, dost-doganlygy çeper sözde wasp edýärler. Döwrüň sesine öz seslerini goşýarlar.

Bäsleşigiň şertine laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, watansöýüjiligi, Bitaraplygy we parahatçylygy, dost-doganlygy wasp edýän goşgularyň, poemalaryň, hekaýadyr oýlanmalaryň, publisistik makalalaryň, oçerkleriň içinden iň gowulary saýlanyldy.

Bäsleşigiň jemine görä, ýeňiji diýlip yglan edilen ýaş döredijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan işler üçin höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar zamanamyzyň baýdak göterijileri bolan ýaşlaryň döredijilik zehinlerini ýüze çykarmagy we ukyp başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän ýaşlaryň Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman, aýdyň maksatly beýik tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi

Geňeşiniň bölüm müdiri.