Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde 20 ýaşa çenli oglanlaryň hem-de gyzlaryň arasynda küşt boýunça paýtagtymyzyň birinjiligi geçirildi.
Oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşige ýüzden gowrak küştçi gatnaşyp, ýeňiji 9 tapgyryň netijesinde kesgitlenildi. Geçirilen bäsleşigiň jemi boýunça Serdar Annaberdiýewiň elinde tälim alýan Azim Saryýew birinji orna mynasyp boldy. Ýeňiji bolan küştçi umumylykda 7,5 utuk toplamagy başardy. Bäsleşigiň jemi boýunça ikinji, üçünji orunlary degişlilikde Annamuhammet Hommadow (tälimçisi Serdar Annaberdiýew) bilen Serdar Seýitmuradow (tälimçisi Wladimir Annaýew) eýelediler.
Gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde baş baýragy Eneş Arazmedowa eýeledi. Ol geçiren duşuşyklarynda ýedi utuk toplamagyň hötdesinden geldi. Merýem Agajanowa bilen Aýşe Gubataýewanyň çykyşlary degişlilikde ikinji, üçünji orunlar bilen tamamlandy. Hormat münberine çykan küştçülere Serdar Annaberdiýew tälim berýär.
Geçirilen bäsleşigiň jemi boýunça ilkinji üçlüge düşenler 20 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda geçiriljek ýurdumyzyň çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Ýeňijiler Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.
«Türkmen sporty» gazeti.