Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3 – 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda geçirilýän «Merdana nesil – 2022» atly şadyýan bäsleşigiň Kerki etrap tapgyry etrabyň ýöriteleşdirilen 36-njy mekdebiniň binasynda geçirildi.
Bäsleşikde çagalar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, watansöýüjiligi, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpany, bagtyýar zamanamyzda ýetilen üstünliklere söýgini, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etmek, ýekelikde şorta söz ýerine ýetirmek, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirmek şertleri boýunça bäsleşdiler. Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary gowşuryldy.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.