ÝAŞLAR SIZE ALKYŞ AÝDÝAR, ARKADAGLY SERDARYMYZ!

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat, şäher we etrap Geňeşleri bilen bilelikde “Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň” döredilen güni mynasybetli “Ýaşlar size alkyş aýdýar, Arkadagly Serdarymyz!” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Biz ýaşlara şeýle ajaýyp döwürde okamaga, öwrenmäge hyjuw bilen işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun! Il bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Azat AMANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.