«RENN» ÖZÜNIŇ XXI ASYRDAKY REKORDYNY TÄZELEDI

Liga 1-iň 15-nji tapgyrynyň oýnunda «Renn» öz öýünde «Tuluza»-ny myhman aldy. Duşuşyk ýer eýeleriniň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, «Renn» ähli ýaryşlardaky ýeňlişsiz oýunlarynyň seriýasyny 17 duşuşyga ýetirdi. Bu toparyň XXI asyrdaky iň uzyn ýeňlişsiz seriýasydyr.

Geçen asyrda fransuz topary mundan-da has uzyn ýeňlişsiz ýörişleriň ikisini amala aşyrmagy başarypdy. Olaryň birinjisi 1982-nji ýylyň maý aýyndan dekabr aýyna çenli 20 oýunlap dowam etdi. Ikinjisi bu babatdaky iň uzyn seriýa bolup, ol 1988-nji ýylyň noýabr aýyndan 1989-njy ýylyň aprel aýyna çenli dowam etdi. Şol wagtyň dowamynda «Renn» bassyr 22 oýunlap hiç kimden ýeňilmedi. Bu barada Opta Jean özüniň «twitter» hasabynda habar berýär.

Ýeri gelende bellesek, «Tuluza»-nyň üstünden gazanylan gazanylan ýeňiş «Renn»-e 31 utuk bilen turnir tablisasynyň üçünji basgançagyndaky ornuny saklap galmaga ýardam etdi. Häzirki wagtda Bruno Ženeziodan tälim alýan topar ýaryş jedweliniň lideri «PSŽ» toparyndan 10 utuk yzda barýar.