Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigine bardy hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek esasy stadionynyň abadanlaşdyrylyşy, beýleki guramaçylyk işlerine taýýarlygyň meseleleri, sentýabr aýynda geçiriljek sport baýramçylygynyň wezipeleri bilen tanyşdy.
“Aşgabat — 2017” giň möçberli sport taslamasy ýurdumyzyň ýeten derejesini dünýä äşgär etmek üçin oňyn mümkinçiligi üpjün edýär. Ol giň hyzmatdaşlyk, dostluk we işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, sebitde hem-de tutuş dünýäde ynanyşmak, birek-birege düşünişmek ýagdaýyny emele getirmäge, köpçülikleýin sporty, milli ykdysadyýetimizi, medeniýet pudagyny we syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge gönükdirilendir. Hut şonuň üçin hem bu sport taslamasynyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanýar.
30-njy maýda hem hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherjigini abadanlaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde geçirilen işler bilen tanyşmagynyň barşynda Olimpiýa şäherjiginiň paýtagtymyzyň buýsanjy, şäher görnüşiniň aýdyň bölegi boljakdygyny belläp, şonuň üçin hem bu ägirt uly sport toplumynyň Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen sazlaşmagynyň möhümdigini aýtdy. Şäherjigiň her bir aýratyn desgasynyň daşky görnüşi, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy hem uly ähmiýete eýedir. Desgalaryň içiniň hem-de açyk giňişlikleriň bezegi, olaryň göwnejaý derejede saklanylmagy bu ägirt uly taslamanyň derejesine laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz tamamlaýjy tapgyra gadam basan stadionda alnyp barylýan gurluşyk we timarlaýyş işleriniň depginleri bilen içgin tanşyp, desganyň özboluşly keşbiniň döredilmeginde milli binagärlik usullarynyň häzirkizaman çemeleşmeleri bilen sazlaşmalydygyny belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aziada — 2017-niň çärelerini guramak işlerine gatnaşýan işgärler üçin birmeňzeş gulluk lybaslarynyň hem-de dabaraly çäreler üçin ýörite lybaslaryň nusgalary hödürlenildi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz bu ýerde iş maslahatyny geçirdi, onuň öň ýanynda açylyş we ýapylyş dabaralaryna hem-de ýaryşlary geçirmegiň meýilnamalaryna bagyşlanylan wideofilm görkezildi. Maslahatyň barşynda Aziada — 2017-niň dabaraly, sport we medeni çärelerini ýokary derejede geçirmek boýunça ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi.
Milli Liderimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmeginiň sebitde ilkinji bolup, Aziadany kabul etmek hukugyna eýe bolan Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň belende göterilmegine, ýurdumyzyň halkara sport merkezi hökmündäki ornunyň berkidilmegine ýardam berer diýip, bu ugurda ýaýbaňlandyrylan köptaraplaýyn işi, şol sanda sport ugry boýunça çäreleri hem, beýleki ugurdaş çäreleri hem berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.
“Nesil” gazeti,
01.06.2017ý.












