Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek «Bitaraplyk – baky bagtym» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
Bäsleşigiň maksady:
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda durnukly gazanylýan ösüşler bagtyýarlygyň we abadançylygyň mekany hökmünde eziz Watanymyzy şan-şöhrata besleýär. Bu gün Türkmenistan Garaşsyz hem Bitarap döwlet hökmünde dünýäniň üns merkezindäki ýurtlaryň birine öwrüldi. Ähli watandaşlarymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda hemişelik Bitaraplyk derejämiziň eçilýän nurana günleriniň gujagynda agzybirlik bilen döredýärler we gurýarlar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitlere ser salyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýasy hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagymyzyň şanly 27 ýyllygy mynasybetli dürli ulgamlarda gazanylan ajaýyp üstünlikleri, türkmen sportuny ösdürmekde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen miwelerini, Bitaraplyk ýörelgeleriniň sport syýasaty bilen umumylygyny halk köpçüligine we dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek maksady bilen döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň guramaçylyk toparyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň wekilleri girizilýär.
Bäsleşigiň düzgünleri:
Žurnalistleriň hem-de fotograflaryň arasyndaky döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde işleýän žurnalistler, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar, sungat işgärleri, mugallymlar, talyplar we okuwçylar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşigiň jemi boýunça «Bitaraplyk – baky bagtym» atly döredijilik bäsleşiginiň şygary astynda Bitaraplyk derejämiziň bize peşgeş beren bagtyýar pursatlaryny we mümkinçiliklerini açyp görkezen awtorlaryň arasyndan ýeňijiler kesgitleniler.
- žurnalistikanyň makala, oçerk, söhbetdeşlik, zarisowka we beýleki žanrlarynda material taýýarlamak;
- çeper edebiýatyň hekaýa, nowella, poeziýa we beýleki žanrlarynda beýan etmek;
- şeýle-de fotograflaryň nazarynda saklanan Bitaraplyk ýörelgelerini açyp görkezýän pursatlary surata düşüren awtorlar guramaçylar tarapyndan tapawutlandyrylar.
Bäsleşigiň eminler topary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň jogapkär işgärlerinden düzülýär.
Eminler topary tarapyndan yglan edilen ýeňijileriň arasyndan baş baýraklaryň (3 sany baş baýrak), baýrakly orunlaryň (3 sany 1-nji orun, 3 sany 2-nji orun, 3 sany 3-nji orun) we her ugur boýunça 3 sany höweslendiriji baýraklaryň (jemi 9 sany höweslendiriji baýrak) eýeleri kesgitleniler. Her ugur boýunça 5 adam sylaglanýar (baş baýrak,1-nji orun, 2-nji orun, 3-nji orun, höweslendiriji baýrak).
Olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly hojalyk tehnikalary we Hormat hatlary gowşurylar.
Bäsleşigiň geçiş tertibi:
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler şu bäsleşigiň döwürleýin metbugatda ýa-da resmi saýtda çap edilen gününden başlap, 2022-nji ýylyň 7-nji dekabryna çenli öz materiallaryny görkezilen salga elektron nusgada iberip bilerler.
Awtorlar döredijilik bäsleşigine ugradýan işlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar.
Ugradylan eserleriň belli bir bölegi – materiallar, fotosuratlar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň www.msy.gov.tm hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň www.yashlar.gov.tm resmi saýtlarynda ýerleşdiriler we saýlanan materiallar «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynda we onuň «7/24.tm» hepdelik elektron goşundysynda çap ediler. Materiallary çap etmek redaksiýalaryň ygtyýaryna berilýär.
Elektron salgymyz: turkmenistansport@sanly.tm
turkmen-youth@online.tm
Telefon belgimiz: 22-81-38