TÜRKMEN IŞEWÜRLERI DAŞKENTDE HALKARA FORUMLARA GATNAŞÝARLAR

Häzirki wagtda türkmenistanly işewürler Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilýän oba hojalyk ugurly birnäçe halkara forumlara gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda oba hojalyk önümleriniň «UzAgroExpo» XVII halkara sergisi, azyk önümleriniň «UzProdExpo» XVII halkara sergisi hem-de «InterPackExpo» V halkara sergisi bar. «International Expo Group» sergi kompaniýasy tarapyndan Özbegistanyň Oba hojalyk ministrliginiň hem-de Özbegistanyň azyk senagaty assosiasiýasynyň goldaw bermeginde guralýan bu halkara forumlar 23-25-nji noýabr aralygynda üç günläp dowam eder.

Bu forumlara özbek işewürleri bilen bir hatarda dünýäniň 20 döwletinden 160-dan gowrak kompaniýa öz eksponentleri bilen gatnaşýar. Gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Belgiýanyň, Bolgariýanyň, Germaniýanyň, Daniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Polşanyň, Koreýa Respublikasynyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Çehiýanyň hem-de Ýaponiýanyň wekilleri bar.

Ýeri gelende bellesek, «UzAgroExpo—2022» XVII halkara sergisi, her ýyl oba hojalygynyň tehnikasynyň, häzirki zaman oba hojalygynyň tehnologiýalarynyň, damja we ýagyş suwaryş ulgamlarynyň, ýyladyşhanalaryň, şeýle hem maldarçylyk, guşçylyk üçin ösen tehnologiýalaryň giň sergisini görkezýän güýz möwsüminiň iň uly senagat wakasydyr.

«UzProdExpo—2022» XVII halkara sergisi bolsa azyk önümlerini gaýtadan işleýän we sowadyjy enjamlary öndürijiler we üpjün edijiler üçin her ýylky görkeziş platformasydyr. Bu forumda azyk önümleri, içgiler we olary öndürmek üçin ingredientler aýratyn pudak tarapyndan görkezilýär.

«InterPackExpo–2022» V halkara sergisi islendik pikiri taýýar önüme öwürmäge kömek edip biljek tehnologiýalary we toplumlaýyn çözgütleri görkezer.

turkmenportal.com