2022-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň gurnamagynda Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesilleri millilik ýörelgeleri esasynda terbiýelemek, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň “Watançy nesillerimiz maşgala ojagynyň asylly däplerini we milli ýörelgelerimizi dowam etmeli” diýip beren öwüt-nesihatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Saýat etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň we ýaş zenan mugallymlarynyň gatnaşmagynda Saýat etrabynyň 18-nji orta mekdebinde “Maşgala-terbiýe mekdebi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda maşgala agzybirligine bagyşlanan gysgametražly film görkezildi. Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň başlygy Gülşirin Rejepowa, Saýat etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň mugallymy Jennet Akniýazowa dagylar çykyş etdiler.
Gülşirin REJEPOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Saýat etrap Geňeşiniň başlygy.