Ýakynda Darganata etrabyň 1-nji orta mekdebinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde “Maşgala näçe berk boldugyça, Jemgyýet hem şonça hemme taraplaýyn baýdyr” diýen şygar esasynda “Maşgalanyň sagdyn bolmagynyň esaslary” ady bilen mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyz-nesihat duşuşygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Leýla Gylyçmuhammedowa, etrabyň 1-nji orta mekdebiniň ýaşaýyş durmuş esaslary boýunça mugallymy Senemjan Bekmuradowa, şeýle-de şol mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Merjen Ýazmuradowa dagylar çykyş etdiler. Wagyz-nesihat duşuşygyň ahyrynda her bir maşgalanyň agzybirligini, abadançylygyny gorap saklamak, çagalaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli, hünärli, başarjaň, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmegini gazanmak ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Dünýägözel HAÝTEKOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
Guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.