TÜRKMENISTANLY TAEKWONDOÇYLAR DÜNÝÄ KUBOGYNA GATNAŞÝARLAR

9-njy dekabrda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde taekwondo ITF boýunça GDA-nyň Açyk kubogy — Dünýä kubogy ― 2022 halkara ýaryşyna badalga berildi.

Ýaryşa gatnaşýan türkmen toparyna 13 türgen wekilçilik edýär. Şu gün türkmen ýygyndysynyň hatarynda zenan türgenler hem bar.

Türkmenistanly taekwondoçylar bu ýaryşda Aýdogdy Atabaýewiň tälimçiliginde çykyş edýärler. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Minskide boljak Maksat Babaýew ýaryşyň duşuşyklaryna eminlik eder. Türkmen toparyna ýurdumyzyň Taekwondo (ITF) boýunça milli federasiýasyndan Gaýgysyz Atabaýew ýolbaşçylyk edýär.

Düýn ýaryşa gatnaşjaklaryň agramlarynyň çekilişi guraldy. Şeýle-de eminlik we tälimçilik brifingleri geçirildi.

Ýaryş 11-nji dekabra çenli dowam eder.

Meňzeş habarlar

06 Noýabr 2025 | 0 okalan

SAGDYN NESIL WATANYŇ GELJEGI

31 Oktýabr 2025 | 175 okalan

SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI DABARALANÝAR