BAKY BITARAPLYK – BUÝSANJYMYZ

“Watan diňe halky bilen Watandyr!

Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýip her bir işde öz halkyna daýanýan Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz bedew bady bilen ösüşlere eýe bolýar, halkymyz bagtyýar durmuşda döwran sürýär. Berkarar ýurdumyzyň täze taryhy döwri ösüşlere we özgertmelere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüji, pähim-paýhasa ýugrulan syýasaty diňe bir mähriban Watanymyzyň geljekki gülläp ösüşlerine, halkymyzyň has-da bagtyýar ýaşamagyna hyzmat etmek bilen çäklenmän, tutuş dünýä döwletleriniň halklarynyň abadan, asuda, parahatçylykly ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwrüň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki ösüşleri dünýä döwletleriniň ünsüni özüne çekýär. Her bir işde öz halkyna daýanýan Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň düýp özeniniň adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyndan ugur almagy, şeýle hem il-ýurt bähbitli işlere gönükdirilmegi şol ösüşleriň binýady bolup durýar. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen tutulýan tutumlar halkymyz tarapyndan uly goldawa eýe bolup, üstünlikli amala aşyrylýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň 50-nji ýubileý sessiýasynda gurama agza 185 döwlet tarapyndan Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilmegi türkmen halkynda uly buýsanç döretdi. Bitaraplyk sözüniň aňyrsynda çäksiz uly many-mazmun bar. Bu sözde halkyň erkanalygy, ýurduň özbaşdaklygy, milletiň öz ykbalynyň eýesidigi baradaky hakykat jemlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly: “Bitaraplyk biziň bütindünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdyr, parahatçylygy we dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr”.

Bitaraplyk – buýsançly geçmişimiz!

Bitaraplyk – buýsançly şu günümiz!

Bitaraplyk – buýsançly gelejege uzaýan ak ýolumyz!

Türkmenistan bu gün parahatçylyk söýüji, ylalaşdyryjy, dost-doganlyk mekany hökmünde äleme doldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hiç bir harby bileleşiklere goşulmaýan, dawa-jenjellere gatnaşmaýan, çylşyrymly meseleleri diplomatiki ýol bilen çözmekde ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Ýurdumyzda geçirilýän syýasy duşuşyklar, halkara forumlar, festiwallar we dürli sergiler döwletli Diýarymyz - Türkmenistanyň at-abraýyny has-da artdyrýar.

Bizi asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde, baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan, ýagty geljege sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Nadira RAHMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.