AJAÝYP SUNGATY DÖREDÝÄN ELLER

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, 50-nji orta mekdepde “Ajaýyp sungaty döredýän eller” atly döredijilik bäsleşigini geçirdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan orta mekdeplerde bilim-terbiýe almagy, sport bilen meşgullanmagy, watansöýüji, döwrebap bilimli, zähmetsöýer nesil bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Orta mekdeplerde bilim-terbiýe bermek bilen bir hatarda, okuwçylaryň arasynda zehinli çagalary ýüze çykarmak maksady bilen, dürli döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň biri hem, ýaş nesilleriň bereketli topragymyzda bitýän gök-bakja önümlerinden we miwelerinden dürli hili täsin şekilleri ýasamakda ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek maksady bilen guraldy. Bu bäsleşige etrabyň orta mekdeplerinde okaýan 11-nji synp okuwçy gyzlarynyň 30-a golaýy gatnaşdy.

Bäsleşigiň bellenen şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşýan okuwçy gyzlar 30 minudyň dowamynda miwelerden we gök-bakja önümlerinden dürli şekilleri döretdiler. Şeýle hem, öz ýasan şekilleriniň ýasalyşy dogrusynda gürrüň berdiler. Guralan bäsleşigiň örän täsirli hem ýakymly bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Çünki, bu bäsleşik okuwçy gyzlarda ýakymly ýatlamalary döretdi. Bäsleşigiň eminler topary okuwçy gyzlaryň ýasan şekillerine seredip, baha berip, bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etdiler. Bäsleşikde 50-nji orta mekdebiň okuwçysy Oguljahan Mollaýewa 1-nji orna, 5-nji orta mekdebiň okuwçysy Jemal Öräýewa 2-nji orna, 21-nji orta mekdebiň okuwçysy Perwana Arazalyýewa 3-nji orna mynasyp boldular. Şeýle-de, 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýbölek Gurbanmuhamedowa, 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Amansoltan Baýrammedowa, 65-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülnäzik Garabaýewa dagylar höweslendiriji baýraga mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we işjeň gatnaşan okuwçy gyzlara TMÝG-niň ýerli Geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň Hormat hatlary gowşuryldy.

 

Hudaýnazar MEREDOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar