AWAZA – HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MERKEZI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň, etrap Zenanlar guramasy bilen bilelikde guramagynda şu ýylyň 4-8-nji awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyndan gelip çykýan wezipeleri ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen «Awaza – halkara hyzmatdaşlygyň merkezi» atly şygar astynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda Görogly etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Ogulboldy Öwezowa, etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebiniň mugallymy Täzegül Aramedowa, TMÝG-nyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri Altyn Atakowa dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenler Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň hem-de baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň uly dabara beslenýän şu ýylda şeýle wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmegi wajyp ähmiýete eýe bolup durýar diýip buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň halkara abraýyny belende galdyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Begenç GARAMURADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar