Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň guramagynda welaýat, şäher we etrap Geňeşleriniň işgärleriniň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda “Maral” toý mekanynda toý saçagynyň başynda «Watanyň buýsanjy bagtyýar ýaşlar» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Baýramçylyk çäresinde çykyş eden Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bagtyýar talyplarynyň ajaýyp aýdymlarydyr-tanslary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Halk-hojalygynyň ähli ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar, ýagny, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýeleri toý dabarasyna gatnaşyp, ajaýyp ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.
Baýramçylyk dabarasyna gatnaşan bagtyýar ýaşlar döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Jennet ÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.












